Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsowy öldürmekde bäş adama günä bildirildi


Moskwada Boris Nemtsowyň hatyrasyna gurnalan ýörişde onuň portreti galgadylýar. 1-nji maý, 2015 ý.
Moskwada Boris Nemtsowyň hatyrasyna gurnalan ýörişde onuň portreti galgadylýar. 1-nji maý, 2015 ý.

Orsýetiň ýokary sud organy bäş adama oppozisiýanyň liderleriniň biri bolan Boris Nemtsowy öldürenlikde günä bildirer.

Derňew komitetiniň aýtmagyna görä, bu baradaky gutarnykly aýyplaýjy akt 29 dekabrda suduň garamagyna berler.

27-nji fewralda Nemtsowy Moskwada Kremliň golaýynda atyp öldürdi diýip, bäş çeçenistanly - Zaur Dudaýew, Anzor Gubşaýew, Hamzat Bahaýew, Şadid Gubşaýew, şeýle hem Temilan Eskerhanow günlänýär.

“Ussat guramaçy”

Komitet Ruslan Muhudinowyň jenaýatçylygyň esasy guramaçysy diýip güman edilýändigini aýtdy. Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň howpsuzlyk güýçlerinde esger bolan Muhudinow häzir azatlykda.

Ýöne Nemtsowyň maşgalasynyň bir adwokaty syýsatçyny öldürmek barada buýruk berenleriň zynjyrynyň Muhudinow bilen tamamlanýandygyna şübhelenýär. Wadim Prohorow 29-njy dekabrda "Interfaks" habar gullugyna Muhudinow "zynjyryň düýbünde duran ussat guramaçy" diýip, jenaýatyň "ýokary derejeli adamlar tarapyndan buýrulandygyny" öňe sürdi.

Prohorowyň aýtmagyna görä, Muhudinow "ünsi Kadyrowyň ýakyn töwereklerinden sowmak üçin" tapylan günä eşegi.

“Gaýduwsyz tankytçy”

Putiniň berk tankytçysy bolan 55 ýaşly Nemtsow hökümeti işe ukypsyzlykda aýyplap, ýurtda giňden ýaýran korrupsiýany hem-de Kremliň Ukraina baradaky syýasatyny ýiti ýazgarýardy.

Bir wagt Orsýetiň ilkinji postsowet prezidenti Boris Ýeltsiniň potensial oruntutary hasaplanan Nemtsow ors prezidenti Wladimir Putiniň gaýduwsyz tankytçysy bolup çykdy.

Sowet Soýuzynyň soňky ýyllarynda ylmy barlagçy bolup işlän Nemtsow soňra merkezi Orsýetde ýerleşýän Nižniý Nowgorod regionynyň gubernatory boldy. 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda Ýeltsiniň prezidentlik döwründe hem premýer-ministriň orunbasary bolup işledi.

2003-nji ýylda Orsýetiň parlamenti Dumany terk eden Nemtsow oppozision partiýalaryň we toparlaryň birnäçesini gurdy, olara ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylyk eden iň soňky partiýasy “Orsýetiň Respublikan partiýasy - Halk Erkinligi partiýasydy”.

XS
SM
MD
LG