Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Linonel Messi ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy


Lionel Messi
Lionel Messi

Ispanýanyň "Barselona" futbol toparynyň hüjümçisi Lionel Messi Ýewropanyň futbol klublary bileleşigi (ECA) tarapyndan, 2015-nji ýylyň iň gowy futbolçysy höküminde, "Globe Soccer Awards" atly baýraga mynasyp görüldi.

Baýragy gowşurmak üçin 27-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerinde dabara geçirildi.

Messi bäsleşikde "Ýuwentus" futbol toparynyň derwezeçisi Janluýdji Buffon bilen "Real" futbol toparynyň hüjümçisi Kriştian Ronaldo ýeňmegi başardy.

Asly argentinaly futbolçy Messi 2015-nji ýylda Ispaniýanyň çempiony, ýurduň kubogynyň eýesi we UEFA-nyň superkubogynyň eýesi, ”Çempionlar ligasy” bilen bir hatarda klublaryň çempionatynyň ýeňijisi ýaly bäş sany titula, ýagny beýik derejä mynasyp boldy.

Ýewropanyň iň gowy futbol kluby "Barselona" seçilip alyndy.

Türgenleşdirijileriň arasynda bolsa Belgiýanyň milli ýygyndy futbol toparynyň treneri Mark Wilmots ýeňiji boldy.

Iň gowy akademiýa baýragyny bolsa Portugaliýanyň "Benfika" topary gazandy.

Ýylyň arbitri hökmünde bolsa Özbegistandan Rawşan Irmatow, iň gowy agent hökmünde hem portugaliýaly Žorže Mendeş saýlandy. Iň gowy klub prezidenti diýen ada bolsa "Barselonanyň" baştutany Mariýa Bartomeu mynasyp boldy.

2016-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Zýurihde Halkara futbol federasiýasy FIFA-nyň iň gowy oýunça berilýän "Tylla top" baýragynyň gowşurylmagy üçin ýörite dabara gurnalar. Ol baýraga dalaşgärleriň arasynda Lionel Messi, Naýmar ("Barselona") we Kriştian Ronaldo dagylar bar.

Messi, 2009-njy we 2012-nji ýyllarda "Tylla top" baýragyny gazanmagy başardy. Ronaldo hem 2008-nji, 2009-njy we 2012-nji ýyllarda şol baýraga mynasyp bolupdy. Naýmar bolsa öz futbolçy karýerasynda ilkinji gezek ahyrky üç dalaşgäriň arasynda orun almagy başarypdy.

XS
SM
MD
LG