Sepleriň elýeterliligi

Şeýdaýy – geň nämälimlik


Hat ýazýan adamy şekillendirýän surat.

Hat ýazýan adamy şekillendirýän surat.

Beýik söz ussatlarynyň arasynda Şeýdaýy ýaly nämälim hem az öwrenilen şahyr bolmasa gerek.Onuň öz ady-da bize belli däl.

Meňzeşlik

Şahyr Mollamurtda şeýle setirler bar.

Mollamurta bolar Şeýdaýy daýy,

Sözleri şirindir, diýdigi saýy.

Bu iki setir goşgyny ýat tutupdyk. Takyk aýdylanda, ýat tutmaga mejbur bolduk. Sebäbi Şabende bilen Şeýdaýynyň atlaryny garjaşdyrmazlyk üçin, birine “daýy”, beýlekisine-de dessançy diýmelidik.

Atlary meňzeşräk bolany üçin, ol iki söz ussady köp babatda garjaşyk gelýär.

Owaly bilen olaryň ýaşan döwürleri meňzeş. Şeýdaýy takmynan 1730-1780-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Şabendäniň ömri 1720-1800-nji ýyllar diýlip görkezilýär. Ikinjiden, olaryň döredijiligini öwrenmäge tekst taýýarlygy azlyk etdi.

Bu iki şahyryň ilkinji kadaly hem dolurak neşirleri 1963-64-nji ýyllarda çap boldy.

Nähili-de bolsa, iki söz ussadyny garyşdyrmak dogry däldi. Şonuň üçin olary biri-birinden tapawutlandyrmaga Mollamurtuň şol iki setir goşgusy ýardam edýärdl.

Mollamurtuň daýysy bolan Şeýdaýymy, diýmek, onuň ajaýyp lirikasy hem örän gyzykly okalýan “Gül – Senuber” dessany bar.

Şabendemi; onuň “Gül – Bilbil”, “Şabähram” dessanlary, ençeme liriki goşgulary bar.

Muňa garamazdan, iki beýik şahyryň ne-hä bir ýubileýleri bellendi, ne-de olaryň kitaplary yzly-yzyna çap boldy.

Aýratynlyk

Şabedäniň ady hem atasynyň ady belli. Oňa Abdylla Mäti ogly diýipdirler. Wasda ýaşapdyr. Şahyr Meňli atly gyza öýlenipdir. Olaryň nesilleri häzir Göroly hem Köneürgenç etraplarynda ýaşaýar diýen maglumat bar.

Beýleki bir gyzykly maglumat; Şabende, Kemine hem Talyby – üç şahyr bolup, Hywadan Ahala gaýdypdyrlar. Köpetdag etekleriniň obalaryna aýlanyp, soňra Mara gezelenç edipdirler.

Şeýdaýy meselesine gelsek, bu ýerde çaklamalardan başga zat aýdylanok. Soňky ýyllarda şahyryň eserlerini öwrenen, ony çapa taýýarlan belli alym Aşyrpur Meredowyň maglumatyna görä, ol Maňgyşlakda, Daşoguzda, Çärjewde hem Sarahsda ýaşap geçendir diýilýär. Doglan hem ölen ýyllary takmynan berilýär. Şahyryň Aýjemal atly gyza aşyk bolany belli, ýöne oňa öýlenip-öýlenmändigi belli däl.

Bu nämälimlik şeýle uzak bolup, hatda şahyryň adynyň kimdigi-de aýdylmaýar. Ýöne onuň halkyň milli taryhyna örän çuňňur aralaşandygy belli.

Türkmeniň ahwaly

Şeýdaýynyň ýaşandyr diýlip çak edilýän ýerleriniň köp bolmagy oňa millitiň social ýagdaýyna giňden göz ýetirmäge şert döredendir diýip bolar. Ol halkyň hal-ýagdaýyny bitewilikde görmegi başarypdyr.

Ýandakdan pes, dagdan belent

Boldy türkmeniň ahwaly;

Aýak astynda oba-kent

Oldy türkmeniň düýp ýoly.

Eý, ýumrulmyş köne dünýä!

Kimler saňa boldy eýe?

Geçen günüm diýe-diýe,

Aglamak türkmeniň haly.

Şahyr bir oba-kendiň ýa-da bir etrabyň çäginde ýaşan bolsa, beýle sözleri aýdyp bilmezdi.

Ol diňe öz döwrüniň ýagdaýyna däl, milletiň geçmiş taryhyna-da belet.

Kyrk şäherden hyraç aldy,

Oguz ili äleme doldy.

Çoh döwran geldi, sowuldy.

Kany onuň däbi, ýoly?

Tamgalar hem dil

Halkyň hal-ýagdaýynyň pese düşmegi bilen medeniýet hem ýaramazlaşýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, irki zamanda türkmenleriň tamgalary – elipbisi, ýagny öz haty bolupdyr. Ýigrimi bäş harpdan ybarat ol hat şindi tagma gönüşinde dürli şekillerde saklanyp galypdyr.

Şeýle gulaga ýakymly,

Sözledim gözel ýigrim bäş;

Niçe owazy çekimli,

Yzladym gözel ýigrim bäş.

Ýedisinden owaz çykyp,

On sekizin tartar çekip,

Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp,

Geçirdik gözel ýigrim bäş.

Şahyr dürli howplardan heder etmezden, türkmeniň medeni ahwaly baradaky pikir-garaýşyny açyk aýtmagy başarýar. Araplaryň gelmegi bilen milli däp-düzgünleriň ýitip barýandygyny, milletiň ene diliniň hem araplaşma-parslaşma ýagdaýa duçar bolanyny aýdýar.

Arap, Ajam her bir zada goşuldy,

Sanly düzgün bilen saýran tillerim;

Kem-kem özün çekip, ýoga daşyldy,

Indi din öýünde haýran tillerim.

Hiç milletiň gulagyna ýokanok,

Dogry diýsem, zamanama ýakanok.

Kemin ýazsam, doly many çykanok,

Güň bolupdyr, şindi saýran tillerim.

Ol yz nirede?

Şahyryň gazallaryny golýazma hökmünde göçüripdirler. Ol eserleri dilden-dile geçirip ýaşadyp gelipdirler. Halk şahyryň ençeme eserini aýdyma öwrüpdir.

Şahyryň döreden “Gül – Senuber” dessany dürli şäherlerde, daşbasma usulynda köp gezek çap edilipdir. Diýmek, ol geçginli kitap bolupdyr.

Şeýle meşhur adamyň kimligi we ömür ýoly ýitip bilermi diýen sowal döreýär.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG