Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda ýaragly hüjüm boldy


Derbent şäheriniň taryhy Naryn galasy, Dagystan

Derbent şäheriniň taryhy Naryn galasy, Dagystan

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky Dagystanyň resmileri Derbent şäherindäki taryhy Naryn galasynyň golaýynda ýaragly adamyň eden hüjümi zerarly bir adamyň wepat bolandygyny aýtdylar.

Dagystanyň Saglyk ministrliginiň metbugat-gullugynyň 30-njy dekabrda Interfaks agentligine aýtmagyna görä, ýene on adam ýaralanypdyr, olaryň dördüsi agyr ýagdaýda.

Hüjümiň kim tarapyndan amala aşyrylandygy derhal mälim bolmady.

Dagystan Demirgazyk Kawkazda yslam döwletini döretmek isleýän söweşijileriň zorlyklarynyň merkezine öwrüldi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar esasan musulman ilatly Demirgazyk Kawkazdaky zorlugyň dinden daşary korrupsiýa we ýerli liderleriň güýç ulanmaklary sebäpli tutaşýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG