Sepleriň elýeterliligi

Ukraina 'Massandra' garşy iş gozgap biler


Italiýanyň öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni, Krymyň "Massanda" kärhanasynda, 11-nji sentýabr, 2015.

Italiýanyň öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni, Krymyň "Massanda" kärhanasynda, 11-nji sentýabr, 2015.

Kiýew Orsýetiň anneksiýa eden Krym ýarymadasynda çakyr öndürijileriniň 13 000 sany uzak saklanan çakyry auksion satuwyna çykarmak karary bilen baglylykda kanun taýdan çäre görjekdigini duýdurdy.

Ukrainanyň Oba hojalyk ministrliginiň resmisi Oleksandr Liew 29-njy dekabrda “Frans Press” (AFP) agentligi bilen söhbetdeşliginde çakyr öndürýän “Massandra” kärhanasy “Ukrainanyň mirasyny dargadýar” we Kiýew bu hereket boýunça jenaýat işini gozgamaly, diýdi.

Ukrain resmisi Orsýet we gymmatly çagyrlary satyn alýan kolleksionerler “anneksiýa edilen Krymda bikanun ykdysady hereketleri üçin halkara sanksiýalaryna” sezewar edilip bilnerler diýdi.

Massandranyň satuwa çykaran çakyrlarynyň arasynda 1935-nji ýyla degişli çüýşeler bar.

Krymyň çakyr öndüriji meşhur kärhanasy sentýabr aýynda köpçüligiň üns merkezine düşüp, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Italiýanyň öňki premýeri Silwio Berluskoniniň bahasy 100 müň dollara durýan 240 ýyllyk arhiw çakyryny içendigi habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG