Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky ýagdaý maslahat ediler


Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň döwlet baştutanlary, Pariž, 2-nji oktýabr, 2015
Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň döwlet baştutanlary, Pariž, 2-nji oktýabr, 2015

Ukraina, Orsýet, Germaniýa we Fransiýa 30-njy dekabrda telefon arkaly gepleşik geçirip, Ukrainanyň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky parahatçylyk prosesi barada maslahat geçirerler.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko telefon gepleşiginden ozal Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen “sazlaşykly pozisiýa” barada 29-njy dekabrda pikir alyşdy we fewral aýynda Minskde gelnen parahatçylyk ugrundaky ylalaşygyň “durmuşa geçirilişiniň statusyny” maslahat etdi, diýip onuň administrasiýasy habar berdi.

Poroşenkonyň edarasy orsýetçi separatistleriň Donbasdaky konflikt regionynda “ýaraşygy dowamly depelemek we prowokasiýa gatnaşmak” arkaly parahatçylyk prosesini hatar astynda goýýandygyny aýdýar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier iki tarapy Kristmas we Täze ýyl baýramçylyklarynda ýaraşyga hormat goýmaga ündedi.

XS
SM
MD
LG