Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran günbatar gämileriniň golaýynda raketa synady


Pars aýlagynyň demirgazygy, Asalouyeh deňiz porty, 2015
Pars aýlagynyň demirgazygy, Asalouyeh deňiz porty, 2015

Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasy Pars aýlagyna giren üç günbatar gämisini oka tutdy. ABŞ-nyň harby metbugat-wekili bu hereketi 29-njy dekabrda “ýokary derejede prowokatiw” diýip atlandyrdy.

Raketalar gämilere gönükdirilmedi, emma eýran tarapy 26-njy dekabrda synag geçirdi we raketalar ABŞ-nyň uçar göteriji gämisiniň 1500 ýard golaýyndan geçdi, diýip ABŞ-nyň resmisi aýtdy.

ABŞ-nyň “Truman” atly uçar göteriji gämisine diňe 23 minut öňünden duýduryş berildi, diýip ABŞ-nyň Merkezi harby ýolbaşçylygynyň metbugat-wekili Kyle Raines aýtdy.

Hadysanyň bolan wagtynda günbatarly söweş gämileri Pars aýlagynyň inçe Hormuz bogazyndan adaty tranzit ýolundan geçip barýardy diýip Raines belledi.

XS
SM
MD
LG