Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe "YD agzalaryny" tussag etdi


Türkiýäniň polisiýasy “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň agzalary bolmakda güman edilýän iki adamy tussag etdi we olaryň Ankarada Täze ýylyň öňüsyrasynda terrorçylykly hüjümi amala aşyrmaga synanyşandygyny aýtdy.

Döwlet prokuraturasynyň 30-njy dekabrda aýtmagyna görä, agzalan iki adam Türkiýä Siriýadan barypdyr. Olaryň Ankaranyň merkezindäki Kizilaý meýdançasynda adamlaryň adatça baýramçylyklarda jemlenýän ýerinde hüjüm etmegi planlaşdyrandygy aýdyldy.

Oktýabr aýynda Ankarada bolan bombaly goşa hüjümde 100-den gowrak adam wepat bolupdy. Hüjümde “Yslam döwleti” topary aýyplandy.

Türkiýäniň häkimiýetleri soňky aýlaryň dowamynda tutuş ýurt boýunça “YD” toparyna degişli bolan guramalary yzarladylar.

XS
SM
MD
LG