Sepleriň elýeterliligi

Tuhbatullin: Ýaşaýjylar BMG-ä ýüz tutmaly


Çoganly, ýykylan jaýlar

Çoganly, ýykylan jaýlar

Adam hukuklary baradaky Halkara guramasy (FIDH) we Adam hukuklary baradaky «Türkmen inisiatiwasy» topary golaýda Aşgabat şäheriniň häkimi Myratnyýaz Abylowyň adyna açyk hat çap etdi.

Ol hatda Aşgabat şäherinde, hususan-da Çoganly we Şor posýoloklarynda, Çehow köçesiniň ugrunda emläginden mahrum bolan adamlara, ýykylan jaýyna derek degişli jaý ýa-da ýeterlik kompensasiýa berilmegi barada mesele gozgalýar.

Azatlyk radiosy bu hatyň awtorlarynyň biri, «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Farid, siz şu ýyl Aşgabadyň etegindäki Çoganly, Şor posýoloklarynda, Aşgabadyň Çehow köçesiniň ugrunda jemi 30 müňe golaý hususy jaýyň ýykylandygyny, netijede 100 müň çemesi adamyň jaýsyz galandygyny aýdyp, Aşgabadyň häkimine açyk hat çap edipsiňiz. Bu haty nämä esaslanyp çap etdiňiz? Ýagny Size jaýsyz galan adamlar ýüz tutdumy ýa bu ýerde başga bir esas barmy?

Farid Tuhbatullin: Biziň guramamyz Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça monitoring, gözegçilik alyp barýar, şeýle-de biz daşary ýurtlaryň iri hukuk goraýjy toparlary bilen bilelikde işleşýäris. Onsoň biz Aşgabatda we onuň eteginde adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylyşy baradaky meseläni derňedik, şol bir wagtyň özünde jaýy ýykylyp, degişli ýa-da ýeterlik kompensasiýa alyp bilmedik adamlar hem bize ýüz tutdular. Olaryň arasynda hiç hili kompensasiýa alyp bilmedikleri hem bar we umuman kompensasiýa az, ýeterlik bolmadyk ýagdaýda berilýär. Şeýlelikde bizde bu temany halkara derejesinde gozgamaly diýen pikir-ideýa döredi. Onsoň häzir biz, eger hiç hili jogap bolmasa, has giň kompaniýa ýaýbaňlandyrmak isleýäris, ýagny bu biziň häzir diňe birinji hatymyz bolup durýar.

Azatlyk radiosy: Siziň açyk hatyňyza Aşgabadyň şäher häkimi tarapyndan haýsydyr bir reaksiýa bildirildimi?

Fardid Tuhbatullin: Häzire çenli biz Aşgabadyň häkimiýetlerinden hiç hili jogap almadyk. Belki-de bu baýramçylyklar bilen baglydyr, belki-de olar jogap bermezligi karar edendirler. Bize öz tejribämizden belli bolşuna görä, hökümet ýa-da ýerli häkimiýetler prinsipde munuň ýaly hatlara jogap bermezligi saýlap alýar.

Azatlyk radiosy: Siz 100 müň çemesi adamyň jaýsyz galandygyny aýdýarsyňyz. Siziňçe, şeýle ýagdaýda türkmen raýatlarynyň nähilidir bir real gorag mehanizmi barmy? Ýagny kagyz ýüzündäki kanunlar, halkara kanunlarynyň berjaý edilmegi baradaky umumy sözlerden başga, bu ýerde nähilidir netije gazanmak mümkinçiligini görýärsiňizmi ýa-da bu mesele boýunça geljekde näme etmekçi bolýarsyňyz?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, aşgabatlylar we şäher eteginiň ýaşaýjylary häkimiýetleriň şunuň ýaly eden-etdiligine indi köp ýyl bäri çydap gelýär. Olaryň jaýlary islendik wagt alnyp ýa-da ýykylyp bilinýär. Bu eýýäm praktika öwrülen zat, häzir bolsa, 2017-nji ýylda ýapyk binalarda geçiriljek Aziýa oýunlary sebäpli häkimiýetler barha köp jaý ýykýarlar.

Ýykylýan binalaryň içinde diňe ýaşaýyş jaýlary däl, hususy dükanlar hem bar. Käbir adamlar, elbetde, olar az, sudlara ýüzlenip, öz haklaryny gorajak bolýarlar. häzir birnäçe iş sudlarda, bu olaryň birinji instansiýasy, emma meniň pikirimçe, olaryň bu sudlardan hiç bir gazanjak zady ýok. Sebäbi sudlar türkmen raýatlaryny gorap, häkimiýetleri ýazgaryp bilmez, bu olaryň çygryndaky iş däl.

Bu ýerde BMG-niň adam hukuklary komitetine ýüz tutmak çykalgasy bar, biz öz mümkinçiliklerimizi ulanyp, adamlara bu ugurda maslahat-geňeş bermäge çalyşýarys. Ýagny olaryň hukuklaryny BMG-niň mehanizmleri arkaly gorap bolar öýdýäris. Emma bu uzak, býurokratiki prosedura we köpler muňa razy bolmaýar. Ýöne prinsipde şeýle mehanizm bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG