Sepleriň elýeterliligi

“Obamyzyň transport gatnawy ýaramaz”


Türkmenistanyň köçeleriniň birinde awtobus.

Türkmenistanyň köçeleriniň birinde awtobus.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti ilatyň jemgyýetçilik gatnawyny gowulandyrmak üçin täze awtobuslary satyn alýar we Aşgabatda gurlan täze terminaldan ýurduň islendik künjegine rahat we tiz baryp bolýar diýlip, türkmen mediasynda berlen maglumatlarda bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň welaýatlarynda etrap merkezleri bilen obalaryň arasynda jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň ýetmezçilik edýändigini ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri aýdýarlar.

Şeýle ýaşaýjylaryň biri Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan özüni Kümüş diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan. Ol öz obasyndaky transport gatnawynyň ýagdaýy barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG