Sepleriň elýeterliligi

Täjik çagalaryna geljekde "-kul" we "-han" goşulmaly atlar dakylmaz


Täjik bäbekleri.

Täjik bäbekleri.

Hasaba alnan 4 müň sany täjik atlary hökümete hödürlenýär. Geljekde dünýä injek täjik çagalaryna indi şol resmi sanawa giren atlardan haýsy-da bolsa biri dakylar.

Täjigistanda hökümetiň garamagyndaky Dil we terminologiýa komiteti gadagan edilmeýän täjik adam atlarynyň resmi sanawyny taýýarlap, ony ýurduň hökümetine gowşurdy.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habar bermegine görä, komitetiň işgäri Abdulrahim Zulfoniýon 4 müň adam ady girizilen resmi sanawyň 24-nji dekabrda hökümete tabşyrylandygyny aýdýar. Adam atlarynyň resmi sanawy tassyklanandan soňra, ýurduň raýat ýagdaýlaryny hasaba alýan edara iberiler. Netijede bu edara täze doglan täjik çagalaryna resmi sanawa giren at berlen ýazgyly dogluş şahadatnamalaryny gowşurar.

"ZAGS-yň işgärleri çagalara hökmany suratda adam atlarynyň resmi sanawyna görä at dakylmagyny ýola goýmalydyr”. Netijede asly täjik milletinden bolan adamlar mundan beýläk öz çagalaryna "-kul" we "-han" ýaly türki at goşulmaly adam atlaryny dakyp bilmezler.

Şonuň ýaly-da, Täjigistanda hökümetiň garamagyndaky Dil we terminologiýa komitetiniň işgäriniň bellemegine görä, beýleki halklardan bolan raýatlar öz çagalaryna arkaýyn öz milli däplerine görä at dakyp bilerler.

Täjik adam atlarynyň resmi sanawyny ýurtda 2016-njy ýylyň başynda çap etmäge taýýarlanylýar.

Abdurahim Zulfoniýeniň bellemegine görä, bu iş 2012-nji-2016-njy ýyllar aralygynda durmuşa geçirilýän döwlet ösüş programmasyna laýyklykda alnyp barylýar. Onuň aýtmagyna görä, edebi täjik dilindäki we klassyky edebiýatdaky ähli arap adam atlary hem Täjigistandaky adam atlarynyň resmi sanawyna girizilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG