Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulman maşgala ABŞ-a salynmady


Mohammad Tarik Mahmood.
Mohammad Tarik Mahmood.

Maşgalabaşynyň aýtmagyna görä olary "Trumplapdyrlar".

ABŞ-nyň resmileri bolsa bu meseläniň yslam bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdýarlar.

Londonda bir musulman adam öz maşgalasynyň dini garaýyşlary sebäpli Los Angels şäherine uçýan uçara goýberilmändigini aýdypdyr. Ol maşgalasy bilen Disneýlanda gitmekçi ekeni.

Los Angelse uçmak isleýän maşgalada Mohammad Tarik Mahmood, onuň iki çagasy, erkek dogany we onuň aýaly bilen bäş çagasy we ýene erkek doganlarynyň iki gyzy bar ekeni.

15-nji dekabrda bu uly maşgala uçara münülýän ýerde gapynyň açylmagyna garaşyp oturan ekeni. Galan ýolagçylar bolsa eýýäm uçara münüpdirler. Şol mahal Mohammad Mahmood müşderi hyzmatlary bölümine çagyrylýar we oňa maşgalanyň käbir agzasynyň uçara mündürilmejekdigi aýdylýar. Mahmoodyň aýtmagyna görä, olara munuň sebäbi düşündirilmändir. Onsoň olary şol ýerden, duty-free dükanyndan alan sowgatlarynam zor bilen yzyna gaýtardyp, ýörite garawullaryň kömegi bilen aeroportdan çykaryp goýberipdirler.

“Din sebäp däl”

Britaniýanyň mejlisiniň bir agzasy Mahmood bilen duşuşanyndan soň ýagdaýy metbugata ýetiripdir.

Mahmood, bolup geçen waka garamazdan, henizem maşgalasyny Disneýlanda äkitmek barada pikir edýär. Onuň aýtmagyna görä, öýde hiç kim düwünçeklerini hem açmandyr we çagalar henizem ol ýere tiz wagtda gideris öýdüp garaşýarlar.

ABŞ-nyň Gümrük we serhet goragy gullugynyň resmisi Jim Burns CNN-e beren beýannamasynda, daşary ýurtdan gelýän adamlaryň ABŞ-a goýberilmeginde diniň hiç haçan bir sebäp hökmünde kabul edilmeýändigini aýdýar.

Bu wakadan soňra habarly bolan Britaniýanyň resmileriniň aýtmagyna görä, ol maşgalanyň Amerika goýberilmegine hut ABŞ-nyň Serhet goragy gullugy rugsat bermändir. Maşgala bolsa gullugyň Waşingtondaky düýbünden şeýle görkezme berlendigini aýdypdyrlar.

ABŞ-nyň üç sany resmisi bu barada CNN-e beren ýörite beýannamasynda wakanyň sebäbiniň din däldigini aýratyn tekrarlaýarlar. Olar agzalýan maşgalanyň käbiriniň uçara goýberilmezliginiň musulmanlara garşy edilen hereket ýaly görkezilmeginden biynjalyk bolýandyklaryny hem belleýärler.

Maşgala sahypadan özleriniň bihabardygyny aýdýar​

CNN çarşenbe güni Britaniýanyň saýlawçy sanawynda maşgala agzalary barasynda ýüzleý bir derňew geçiripdir we onuň netijesinde maşgalanyň 18 ýaşyndaky agzasy Hamza Mahmoodyň saýlawçylaryň sanawynda hasaba alnan elektronik hat salgysynyň haýsydyr bir Facebook sahypasy bilen arabaglanyşyk gurandygy mälim bolupdyr.

Şol sahypanyň eýesi bolsa özüni Birmingemde ýaşaýan “Taliban” we “Al-Kaida” guramalarynda möhüm wezipeleri eýeleýän biri hökmünde tanadypdyr.

Bu barada sorag berlende, maşgala saýlawçylaryň sanawynda hasaba alnan şol elektronik hat salgysynyň nädogry ýazylandygyny we, galyberse-de, agzalýan Facebook sahypasyndan özleriniň bihabardygyny aýdýarlar.

Kompensasiýa

Britaniýanyň mejlisiniň agzasy Stella Kreýsi bolsa ABŞ-dan bu mesele bilen baglanyşykly bir düşündiriş bermeklerini sorapdyr. Ol şeýlelikde wakanyň adam dannamaklyk bilen ilteşikli bolmandygyna doly göz ýetirmek isleýär.

Kreýsi bolan wakanyň maddy tarapyndan hem ynjalyksyzlanýar. Sebäbi Norwegiýanyň howaýollary ol maşgalanyň duçar bolan ýagdaýy üçin kompensasiýa berilmejekdigini bildiripdir.

"Maşgala bilet üçin 9 müň funt, ýagny 13384 dollar çykdajy edipdir. Men olaryň halk wekili hökmünde has köp jikme-jik maglumat ýygnamaga synanyşýaryn. Onsoňam, ýene bir zady ýörite belläp geçesim gelýär. Bu meniň Amerika syýahat edýän adamlaryň uçjak bolup durka duçar edilýän hadysasyna ilkinji duş gelşim däl" diýip, deputat Kreýsi Told CNN-e beren interwýusynda nygtaýar.

Ol halk wekili şol bir wagtyň özünde bu waka babatda "Guardian" gazetinde ýörüte bir makala ýazyp, soňra-da premýer-ministr Dawid Kamerona hat üsti bilen ýüz tutdy.

Norwegiýa howaýollarynyň metbugata beren gysgajyk beýannamasynda, howaýollarynyň ABŞ-nyň içerki howpsuzlyk edarasynyň görkezmesi esasynda, ol maşgalany uçara goýbermändigini aýdýar.

Mahmood bolsa CNN-e beren interwýusynda "Bizi aslynda Trumpladylar" diýýär. Ol, şeýle diýmek bilen ABŞ-nyň respublikaçylar partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Donald Trumpa we onuň musulmanlara garşy ýaramaz tutumyna ünsi çekýär.

XS
SM
MD
LG