Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nigeriýaly 300 sany şaýy näme üçin öldürilipdir?


Nigeriýaly şaýy musulmanlary molla Zakzakynyň portretini göterýärler.
Nigeriýaly şaýy musulmanlary molla Zakzakynyň portretini göterýärler.

Human Rights Watch (HRW) atly adam hukuklaryny goraýan halkara guramanyň habar bermegine görä, Nigeriýanyň söweşijileri bu aýyň başynda Zariýa şäherinde 300 sany şaýy mezhebine uýýan musulmany öldürip, ol wakany bussur-ýassyr edipdirler.

Bu waka baradaky habary Human Rights Watch guramasy ýaýradypdyr. Guramanyň aýan etmegine görä, öldürilenleriň jesetleri olaryň maşgala agzalaryndan birugsat jaýlanypdyr.

Nigeriýanyň goşunynyň general-maýory Rabe Abubakar BBC bilen geçiren söhbetdeşliginde öz esgerleriniň hiç kimi öldürmändigini öňe sürüpdir. Bu ölümler baradaky habar, bütin dünýäde bolşy ýaly, Eýranda hem şaýylaryň arasynda uly nägilelik döretdi.

HRW gurmasynyň bildirmegine görä, Nigeriýanyň goşunynyň bolan waka barada öz beren düşündirişi ynandyryjy däl we bolan wakany bitarap kazyýet derňemeli. Şaýylar bolsa hut şeýle maksat bilen hökümet tarapyndan döredilen derňew geňeşine garşy çykýarlar.

Eýrana degişli toparlanyşyklar

HRW guramasynyň maglumatynda aýdylmagyna görä, "gowy tarapyndan seredilende, bu ýagdaý hökümetiň agzalan waka bilen bagly bildiren oňaýly reaksiýasy, başgaça garalanda bolsa, bu azlyga garşy owaldan planlaşdyrylan ýaragly hüjümdir".

Goranmak ministrligi, Eýrana degişlidigi aýdylýan bir şaýy söweşiji toparynyň general Tukur Buratainiň janyna kast etmegi planlaşdyrandygyny bildiripdir. Şaýylar bolsa muny ýalana çykarýarlar.

Galyberse-de, ýurduň harbylary şaýylaryň öz berkitmelerinden geçmäge synanyşan hökümet esgerlerine taýakly hüjüm edendigini görkezýän wideolary ýaýradypdyr.

HRW guramasynyň bildirmegine görä, harbylaryň arasynda ölüm-ýitimiň bolandygyny subut edýän "çynlakaý ynandyryjy deliller" ýok.

Wakada öldürilenleriň sany babatda anyk bir maglumat ýogam bolsa, HRW guramasy hassahanalardan we şehitlerden ýygnan maglumatlaryna esaslanyp, bir hasabat taýýarlapdyr.

"Nigeriýanyň Homeýnisi" - molla Zakzaky

Nigeriýanyň ruhany musulman lideri Sokoto, soltana ýörite ýüzlenme iberip, Nigeriýanyň yslam hereketiniň (Islamic Movement of Nigeria - IMN) üstüne edilýän hüjümleriň täzeden gyrlyşyga sebäp bolup biljekdigine ünsi çekipdir. Sebitdäki ”Boko Haram” atly sünni yslamçy topar hem şaýy musulmanlara duşmançylykly hereket edýär.

IMN-niň aýan etmegine görä, harbylar reýd mahalynda şaýylaryň mukaddes ojagyny we olaryň lideri şyh Ybraýym Zakzakynyň öýüni dargadypdyrlar. "Nigeriýanyň Homeýnisi" diýlip atlandyrylýan Şyh Zakzaky bolsa häzir polis tarapyndan saklanýar. Reýd mahalynda şol toparyň ýolbaşçysynyň kömekçisi hem öldürilipdir.

Geçen ýyl şyh Zakzakynyň üç ogly şaýylaryň zyýaraty mahalynda polis bilen bolan çaknyşykda öldürilipdir.

Nigeriýaly şaýylar kimler?

Nigeriýada şaýylar azlyk mezhep topary diýip kabul edilenem bolsa, olaryň sany barha artýar. Olaryň IMN guramasy bolsa 1980-nji ýyllarda şyh Ybraýym Zakzaky tarapyndan döredilipdi. Ýurduň demirgazyk welaýatlarynyň käbirinde şaýylaryň öz mekdepleri we hassahanalary bar. Şaýylar owalky döwürlerde hem ýurduň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdyrlar. IMN Eýran tarapyndan goldanylýar we, dini ugurdan tälim almaklary üçin, şaýy nigeriýalylar köplenç Eýrana iberilýär.

Sünni jyhatçy topar bolan ”Boko Haram” bolsa, şaýylary kapyr diýip yglan edip, olary öldürmek gerekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG