Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet "ganhorlykda" tankytlanýar


Siriýada partlamanyň bolan ýerinden geçip barýan ýaşaýjy.
Siriýada partlamanyň bolan ýerinden geçip barýan ýaşaýjy.

Orsýet Siriýada hiç bir "tapawut goýman" hemmeleri bombalaýandygy sebäpli 29-njy dekabrda ýene tankyt astynda düşdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Orsýetiň parahat ilaty öldürip, parahatçylyk gepleşiklerini hatara düşürýändigini aýdýar.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner hökümete degişli däl toparlaryň ýakynda beren raportlaryna salgylandy. Bu raportlarda Orsýetiň howa zarbalarynyň parahat ilatdan ýüzlerçe adamy, şol sanda tiz kömek işgärlerini-de, öldürendigi, keselhanalary, mekdepleri we bazarlary weýran edendigi aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri "tapawut goýulman edilýän hüjümler" hakda özüniň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýanynda alada bildirendigini aýtdy.

"Orsýet howa kampaniýasyna başlaly bäri, biz parahat ilatyň çekýän ýitgileri baradaky habarlaryň biynjalyk ediji derejede artandygyny görýäris" diýip, Toner aýtdy.

"Jaýş al-Yslam"

Kerri şeýle hem parahatçylyk gepleşiklerini goldan Siriýanyň tanymal gozgalaňçy liderleriniň biri bolan Zahran Allouşyň öten hepde bir howa zarbasynda öldürilendigi barada hem Lawrowa nägilelik bildiripdir.

Toner: "Bu syýasy prosesiň bir bölegi bolup biljek adamlara hüjüm edilmegi, bigünä ilata hüjüm edilip, olaryň öldürilmegi syýasy çözgüt boýunça alnyp barylýan tagallalary gowşadar" diýdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň wekilleri bilen oppozisiýanyň arasyndaky gepleşikleriň geljek aý başlanaryna garaşylýar. Ýöne bu barada päsgelçilikler-de ýok däl.

Allouşyň öldürilmegi Saud Arabystanyny-da aňk-taňk etdi. Bu siriýaly lideriň güýçli "Jaýş al-Yslam", ýagny Yslam goşuny atly toparyny, şeýle hem Siriýanyň ýüzden agdyk beýleki oppozision toparlaryny Assad bilen parahatçylyk gepleşiklerine al-Riýad razy etdi. Geň tarapy Allouşyň bu ylalaşykdan soňra öldürilendigi.

Allouşyň "Yslam goşuny" topary

29-njy dekabrda geçen bir metbugat ýygnagynda Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeýr şeýle diýdi: "Men Orsýetiň näme zady ýüregine düwendigini bilemok. Siriýada parahatçylykly çözgüde gowuşjak bolsak, onda biz Siriýanyň eli terrorizme bulaşmadyk ähli toparlary bilen gürleşmeli bolarys".

Orsýet bilen Siriýa Allouşyň "Yslam goşuny" topary terroristik gurama diýýärler.

Orsýetiň sentýabr aýynda başlanan howa zarbalary ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp bolmakdan daşary 130 müň siriýalyny hem öý-owzaryny taşlap gaçmaga mejbur etdi diýip, Toner aýtdy.

Allouşyň öldürilmegi barada Moskwanyň beren beýanaty ýok. Ýöne ol günä geçiş guramasy "Amnesty International", "Human Rights Watch" we Siriýanyň hukuk guramalarynyň Orsýetiň howa kampaniýasy parahat ilata gönükdirilýär diýýänini gaharly ret edýär.

Moskwa kampaniýada parahat ilata degilmän, "terroristleriň" nyşana alynýandygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlar bilen beýleki günbatar döwletleriniň aýtmagyna görä bolsa Orsýetiň howa zarbalarynda nyşana alynýan, onuň aýdyşy ýaly, "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçileri däl-de, köplenç siriýaly gozgalaňçy toparlar.

XS
SM
MD
LG