Sepleriň elýeterliligi

Eýran raketa synagyny ret edýär


ABŞ-nyň uçar göteriji "Truman" gämisi

ABŞ-nyň uçar göteriji "Truman" gämisi

Eýran öz Rewolýusion Gwardiýasynyň 26-njy dekabrda Pars aýlagyna giren ABŞ-nyň uçar göteriji we beýleki söweş gämilerine raketa atandygyny ret etdi.

Rewolýusion Gwardiýasynyň metbugat-wekili Ramezan Şarif 31-nji dekabrda eden çykyşynda ABŞ-nyň raketalaryň atylmagy baradaky maglumatyny “psihologiki harby pirim” diýip atlandyrdy.

“Gwardiýanyň harby-deňiz güýçleri Hormuz bogazynyň golaýynda soňky hepdede we amerikanlaryň agzan wagtynda hiç hili maşklary geçirmedi” diýip Şarif belledi.

“NBC News” ABŞ-nyň ady agzalmadyk harby resmisine salgylanyp, Gwardiýanyň hakyky ot açyp, türgenleşik geçirendigini we raketalaryň bu ýerden 1500 metr uzaklykda geçen ABŞ-nyň "Truman" atly gämisiniň golaýyna düşendigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG