Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: FSB aýallary, çagalary oka tutmaga ygtyýar berildi


Orsýetiň Federal Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikow, Kreml, 2015

Orsýetiň Federal Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikow, Kreml, 2015

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň aňtaw gulluklaryna üýşmeleňlerde zenanlara we çagalara garşy aýratyn ýagdaýlarda ot açmak ygtyýarlygyny berdi.

Federal Howpsuzlyk gullugynyň (FSB) ýarag ulanmagyny düzgünleşdirýän kanuna üýtgetmeleri girizmek barada 30-njy dekabrda çap bolan maglumata görä, mundan beýläk aňtaw gulluklary terrorçylyk hereketleriniň öňüni almak, zamunlary boşatmak, jemgyýetçilik binalaryna edilen hüjümlere jogap bermek maksatly üýşmeleňlere garşy ot açmaga hakly bolýarlar.

Şeýle-de FSB “ýaragly garşylyk görkezilen ýagdaýda” aýallary, maýyplary oka tutup, şeýle-de göwreli aýallara garşy ölüme getirmeýän ýaraglary ulanyp biler.

Bu kanun Orsýetde adam hukuklaryny goraýjylaryň arasynda aladalanma döretdi.

Orsýetiň hökümetinde maslahat beriji rola eýe bolan prezidentiň ýanyndaky Adam Hukuklary boýunça Geňeşiň agzalary Putine ýüzlenip, FSB edarasyna ýarag ulanmak ygtyýaryny berýän kanuny kabul etmezlige çagyrypdy.

XS
SM
MD
LG