Sepleriň elýeterliligi

Abadi: Türkiýe Yrakdan goşun çykarmaly


Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi, Ramadi, 29-njy dekabr, 2015.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi, Ramadi, 29-njy dekabr, 2015.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi 30-njy dekabrda eden çykyşynda Türkiýäniň Yragyň demirgazygyndan öz goşunlaryny çykarmak boýunça borçnamalaryna hormat goýmaýandygyny aýtdy. Türkiýe bu ýerde “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän yraklylary türgenleşdirýär.

Abadiniň çykyşynyň öňüsyrasynda Yragyň daşary işler ministri Ibrahim al-Jaafari eger Türkiýe goşunyny çykarmasa Yragyň harby hereketlere baş goşmaga mejbur boljakdygyny duýdurdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu NTW telekanalynda eden çykyşynda gapma-garşylygyň “özara düşünişmezligiň” netijesidigini aýtdy we eger Bagdat güýç ulanmak islese, ony “Yslam döwleti” toparyna garşy ulanmalydygyny belledi.

Dawutoglu Türkiýäniň Yragyň bütewüligine hormat goýýandygyny, emma Bagdadyň ýurduň üçden bir bölegine gözegçilik etmeýändigini belledi.

Türkiýe dekabr aýynyň başynda Yragyň Başika harby bazasynda 150 çemesi harbysyny ýerleşdirdi we öz hereketini howpsuzlyk sebäpleri bilen düşündirdi. Başika Türkiýäniň serhedinden 90 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG