Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Adam pidaly goşa partlama boldy


Bomba partlamasynyň bolan ýeri, Kamişli, Siriýa, 31-nji dekabr, 2015.

Bomba partlamasynyň bolan ýeri, Kamişli, Siriýa, 31-nji dekabr, 2015.

Siriýanyň aktiwistleri 30-njy dekabrda Siriýanyň demirgazygynda kürtleriň gözegçiligindäki şäherde iki restoranda bolan bomba partlamasynda onlarça adamyň wepat ýa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik boýunça gurama Türkiýäniň serhediniň golaýynda ýerleşýän Kamişli şäherinde bolan partlamada azyndan 16 adamyň öldürilendigini we 22 adamdan gowragynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Kürtleriň YPG söweşiji toparynyň agzasy Redur Kselil hüjümiň “Yslam döwleti” ekstremist topary tarapyndan amala aşyrylan bolmagynyň has ähtimaldygyny Reuters agentligine aýtdy.

XS
SM
MD
LG