Sepleriň elýeterliligi

Ugruny ýetiren gämi nebit känlerine howp salýar


Demirgazyk deňizde gäminiň ugruny ýitirmegi Norwegiýadan günorta-günbatar tarapda ýerleşýän offşore nebit ýataklarynda iş alyp barýan kompaniýalary gäminiň nebit işleýji kärhanalaryň biri bilen çaknyşmak howpy sebäpli öz işgärlerini gyssagly çykarmaga mejbur etdi.

BP kompaniýasynyň metbugat-wekiliniň 31-nji dekabrda aýtmagyna görä, onuň Norwegiýanyň Stawangar port şäherinden 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän esasy Walhall platformasyndan ähli işgärler çykarylypdyr.

Bu giňişlikde işleýän beýleki kompaniýalar öz işgärleriniň sanyny azaltdylar.

BP kompaniýasynyň metbugat-wekili Jan Erik Geirmo çaknyşyk sebäpli nebitiň dökülmek töwekgelçiliginiň uly däldigini aýtdy.

Gäminiň ugruny ýitirmegine 14 metr beýiklikdäki güýçli deňiz tolkunlary sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG