Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Krymyň elektrik toguny kesdi


Krymyň paýtagty Simferopol, 31-nji dekabr, 2015.
Krymyň paýtagty Simferopol, 31-nji dekabr, 2015.

Krymyň resmileri Ukrainanyň regionyň elektrik togy bilen üpjünçiliginiň esasy çeşmesini kesendigini aýdýarlar. Orsýetiň Ukrainadan bölüp öz düzümine goşan Kryma elektrik toguny alyp barýan simler bir aý mundan ozal näbelli adamlar tarapyndan hem sandan çykarylypdy.

Sewastopol şäher häkimliginiň metbugat-wekili Kirill Moskalenko 31-nji dekabrda eden çykyşynda Ukraina Krymyň Kahowka -Titan elektrik liniýasynyň toguny kesdi diýdi.

“Bu liniýa ýarymadany 250 megawatt bilen üpjün edýärdi, netijede Sewastopol 195 megawatta derek 150 megawatt alýar” diýip Moskalenko aýtdy.

Ukrainanyň energiýa sistemasynyň dolandyryjysy “Ukrenergo” Kahowka-Titan liniýasynyň toguny kesmeginiň Kahowka şäherinde gorag enjamlarynyň sandan çykmagy bilen baglydygyny aýtdy, diýip TASS agentligi habar berdi.

2014-nji ýylda Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasynyň elektrik togy bilen üpjünçiligi üçin 1 gigawatt energiýa gerek.

XS
SM
MD
LG