Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýrana garşy taze çäreleri taýýarlaýar


Eýranyň "Emad" raketasynyň synagy, 11-nji oktýabr, 2015

Eýranyň "Emad" raketasynyň synagy, 11-nji oktýabr, 2015

Barak Obamanyň administrasiýasy Eýranyň ballistik raketa programmasyna gatnaşygy bolan guramalar we şahsyýetler babatynda ABŞ-nyň täze sanksiýalaryny taýýarlaýar, diýlip media maglumatlarynda 30-njy dekabrda habar berildi.

“The Wall Street Journal” neşri we Reuters agentligi planlaşdyrylan sanksiýalaryň Eýranda, Gong-Kongda we Birleşen Arap Emirliklerinde on çemesi kompaniýany we şahsyýeti nyşana alyp, olaryň Eýrana ballistik raketalary öndürmäge ýardam bermekde rol oýnamagynyň güman edilýändigini habar berdiler.

ABŞ-nyň resmileri Maliýe departamentiniň Eýranyň raketa döretmek işine gatnaşygy bolmakda güman edilýänleri gadagançylyk sanawyna goşmak hukugyna iýul aýynda Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň arasynda gelnen ylalaşyga laýyklykda eýe bolandygyny aýdýarlar.

Eýranyň resmileri ballistik raketa programmasynyň BMG-niň sanksiýalaryna ters gelmeýändigini we ýurduň baş lideriniň islendik täze sanksiýalary ýurduň ýadro programmasy boýunça halkara ylalaşygyna garşy diýip seretjekdigini mälim etdiler.

Raketa synagy

BMG-niň sanksiýalary boýunça gözegçiler Eýranyň 10-njy oktýabrda synan orta aralyga ýetýän “Emad” raketasynyň ýadro ýaragyny götermäge ukyply bolup, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalaryny bozýandygy baradaky netijelerini 15-nji dekabrda öňe sürdüler.

ABŞ we onuň ýaranlary täze raketa synaglary sebäpli BMG-niň täze sanksiýalarynyň girizilmegini talap edýärler.

Emma BMG-niň sanksiýalar boýunça komitetiniň Eýranyň raketa synagy bilen baglylykda goşmaça eýranly guramalar we şahsyýetler babatynda gadagançylyk girizmegine mümkinçiligiň bolmagyna garamazdan, ABG-nyň diplomatlarynyň aýtmagyna görä, Orsýet we Hytaý Eýranyň raketa programmasy boýunça sanksiýalara garşy çykyş edýärler we täze çäreleriň öňüni böwetläp bilýärler.

Respublikanlaryň ýolbaşçylygyndaky Kongress Obamanyň administrasiýasyna berk basyş edip, Eýranyň BMG tarapyndan hasaba alnan düzgün bozmalar boýunça çäre görmek talap edilýär.

ABŞ-nyň planlaşdyrýan çäreleri

Respublikan liderler BMG-niň häzirki sanskiýalary berjaý edilmeýän bolsa, Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça halkara ylalaşygynyň hem berjaý ediljegine hiç kimiň ynam baglap bilmeýändigini nygtaýarlar.
Ak Tam eger BMG çäre görmese, ABŞ-nyň özbaşdak herekete geçip biljekdigini duýdurdy.

“The Wall Street Journal” neşriniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň Maliýe departamentiniň planlaşdyran sanksiýalary Eýran bilen bagly iki meselä, ýagny ýurduň ýadro programmasyny ösdürmek boýunça işlere we bu işe gatnaşýanlara gönükdirilýär.

Sanksiýalar ABŞ-nyň ýa-da başga ýurduň raýatlarynyň agzalan kompaniýalar bilen işleşmegini gadagan edýär.

ABŞ-nyň banklaryndan amerikan maliýe sistemasynyň çäginde işleýän kompaniýalaryň ýa-da şahsyýetleriň bank hasaplaryny doňdurmak talap edilip bilinýär.

Nyşan astyna alnyp biljek kompaniýalaryň arasynda Eýranyň raketa programmasy üçin döwlet kompaniýalaryna ulgewodorod süýmliklerini satyn almaga ýardam bermekde güman edilýän Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän “Mabrooka Trading Co LLC” kompaniýasy we onuň esaslandyryjy Hossein Pournaghshband agzalýar, diýip “The Wall Street Journal” neşri ýazýar.

Şeýle-de Maliýe departamenti Eýranyň raketa programmasy ugrunda işleýän goranmak resmileriniň bäşisine garşy sanksiýalary taýýarlaýandygy maglumatda bellenýär.

Maglumata görä, ABŞ-nyň Maliýe departamenti täze sanksiýalary delillendirip, Eýranyň we Demirgazyk Koreýanyň arasynda raketa programmasy boýunça gatnaşyga salgylanýar.

XS
SM
MD
LG