Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýunhen: Wokzallar işläp başlady


German polisiýasy Mýunheniň esasy wokzalyna gözegçilik edýär. 1-nji ýanwar, 2016 ý.
German polisiýasy Mýunheniň esasy wokzalyna gözegçilik edýär. 1-nji ýanwar, 2016 ý.

Germaniýanyň Mýunhen şäherindäki iki wokzal täzeden işläp başlady. Şol bir wagtda, german polisiýasy Täze ýyl agşamy hüjümleri amala aşyrmakçy bolandygy güman edilýän ýedi adamyň gözleg işlerini alyp barýar.

Mýunheniň iki, şol sanda esasy wokzaly hem “Yslam döwleti” atly ekstremistik topar bilen ilteşikli söweşijileriň Täze ýyl gijesi hüjümleri aşyrmakçy bolandygy baradaky “çynlakaý howp” sebäpli ýapylypdy. Wokzallar we olaryň daş töweregi petiklenipdi.

Mýunheniň polisiýa başlygy Hubertus Andraeniň berýän maglumatyna görä, üçünji bir tarapyň aňtaw gulluklary german resmilerine “Yslam döwleti” toparynyň 5-7 sany söweşijisiniň hüjümleri amala aşyrmakçy bolýandygy barada maglumat beripdirler.

Polisiýa resmileriniň 1-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, güman edilýän hüjümçileri ele salmak üçin 550 sany ofiser derňew işlerini alyp barýar.

XS
SM
MD
LG