Sepleriň elýeterliligi

“YD” Derbent hüjümini öz üstüne aldy


Derbentiň Naryn-Gala sitadeli

Derbentiň Naryn-Gala sitadeli

“Yslam döwleti” ekstremistik toparyň Russiýanyň Demirgazyk Kawkazdaky Dagystan respublikasynda 29-njy dekabrda amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Hüjümde bir adam öldürilipdi.

“SITE” aňtaw toparynyň berýän maglumatyna görä, “Yslam döwleti” topary Derbentiň Naryn-Gala sitadelinde hüjümi amala aşyrandygyny öňe sürüpdir. Gürrüňi gidýän hüjümde azyndan 10 adam hem ýaralandy.

“Yslam döwleti” toparynyň beýanatynda hüjümiň nyşanasy galanyň golaýyndaky aňtaw ofiserleriniň bolandygy aýdylýar.

Dagystanda jeňçiler sebitde yslam halyflygyny gurmak ugrunda söweş alyp barýarlar.

XS
SM
MD
LG