Sepleriň elýeterliligi

Krym has kän tok ýetmezçiligine uçraýar


Tok kesilen gijesi

Tok kesilen gijesi

Krymyň ýaşaýjylary, Orsýetiň Ukraina bilen 2014-nji ýylda anneksiýa eden ýarymadasyna iberilýän elektrik energiýasy baradaky şertnamany soňlamagy bilen, ýene birnäçe aý tok ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boljaga meňzeýär.

Kremliň sözçüsi 1-nji ýanwarda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Täze ýyl gününde soňlanýan şertnamany, Kiýew şertnamada ýarymada Ukraina degişli diýmegini dowam etdirse, uzaltmaz diýdi.

"Prezidentiň beýle şertlerde bu şertnama gol çekmezlik ähtimallygyny uly ynam bilen aýtsa bolar, sebäbi bu Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini inkär etmegine barabar bolar» diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy.

Ýarymada Ukrainadan çekilen ýokary kuwwatlykly elektrik liniýalaryna zyýan ýetirilmegi netijesinde bir aýlap kesilen tokdan soň, Kryma barýan elektrik resmi taýdan 31-nji dekabrda, şertnamanyň möhletiniň gutarýan güni kesildi diýip, rus metbugaty habar berdi.

Eger-de Kiýew Krymyň Ukrainanyň bir bölegi bolup durýandygy baradaky sözleri aýyrmak talabyna razy bolsa, şonda Orsýet şertnamany uzaltmaga has ilgezik bolardy diýip, Peskow aýtdy.

Kremliň şertnamany uzaltmazlyk barada gelen görnetin kararyna goldaw üçin, Putin Krymyň ýaşaýjylarynyň ukrain energiýa kompaniýasyndan, Ukrenergodan tok almagy dowam etdirmek üçin Ukrainanyň bir bölegi bolmak isleýändikleri ýa-da däldigi barada pikir soraýyş geçirmegi tabşyrdy.

Orsýetiň habar gulluklary 1-nji ýanwarda krymlylaryň 90 prosentden gowragynyň beýle şertlerde, hatda elektrik üpjünçiliginiň kiçiräk kesilmeleri has kän bolan ýagdaýynda hem, şertnamany uzaltmaga garşy ses berendigini habar berdi.

Kreml Putiniň Ukraina bilen baglaşylan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny uzaldyp-uzaltmazlyk barada döwlet eýeçiligindäki pikir soraýyş guramasynyň geçiren ses berişliginiň netijeleri esasynda karar etjekdigini aýtdy.

Resmileriň duýdurmagyna görä, Ukrainadan tok iberilmese, kyrymlylar azyndan kiçiräk elektrik kesilmeleri bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolar we Moskwa deňziň aşagyndan kabel geçirijisiniň gurluşygyny tamamlap, has kän tok ibermegi ýola goýýança üç-döret aýlap kösençlik dowam eder.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak toguň esasan has köp ulanylýan wagtynda ýiti ýetmezçilik etjekdigini, ýogsa 10 prosente ýetmezçiligiň mümkindigini aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG