Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: 4 jeňçi öldürildi


Ýaragly söweşde iki sany hindi esgeri öldürildi.

Ýaragly söweşde iki sany hindi esgeri öldürildi.

Resmiler hindi esgerleriniň 2-nji ýanwar güni irden Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän harby howa güýçleri bazasyna girip, howpsuzlyk güýçleri bilen atyşmaga başlan dört sany ýaragly adamy atyp öldürendiklerini aýdýarlar.

Ýaragly söweşde azyndan iki sany hindi esgeri hem öldürildi diýip, ýerli media habar berdi.

Güman edilýän yslamçy jeňçiler Pathankot howa bazasynyň ýaşaýyş kwartalyna girdiler, emma dikuçarlaryň we beýleki gymmatbaha harby enjamlaryň saklanylýan ýerine girip bilmediler diýip, howa güýçleriniň sözçüsi Roçelle D'Silva aýtdy. Pathankot Hindistanyň Jammu we Kaşmir ştatlaryny birikdirýän uly ýoluň boýunda ýerleşýär we pitneçiligiň mesgeni bolup durýar.

Şeýle-de bu ýer Hindistanyň Pakistan serhedine gaty golaýda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG