Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany 47 adamy jezalandyrdy


Aşraf Faýad, ölüme höküm edilen şahyr
Aşraf Faýad, ölüme höküm edilen şahyr

Sadu Arabystany terrorçylyk hereketleri we zorluga meçew bermek bilen ilteşikli günäli tapylan 47 adamy jezalandyryp öldürdi diýip, patyşalygyň Içeri işler ministrligi 2-nji ýanwarda aýtdy.

Ölüm jezasy ýerine ýetirilen adamlaryň döwlet mediasynda çap edilen sanawynda tanymal şaýy ruhanysy Nimr al-Nimritsiň hem ady bar.

Al-Nimr 2011-nji ýylda, Arap ýazynyň bir bölegi hökmünde, sünniler tarapyndan dolandyrylýan patyşalygyň gündogarynda turan şaýy protestlerinde esasy adamlaryň biri bolupdy.

Azlykdaky şaýylar bu protestlerde özleriniň gysylmagyndan nägilelik bildirdi we protest mahalynda bolan atyşyk we ýangyç bombalary sebäpli birnäçe polisiýa ofiseri öldürileninden soň şaýy azlygynyň ýüzlerçe agzasy tussag edildi.

Şeýle-de patyşalyk 2003-06-njy ýyllarda guralan «Al-Kaýda» hüjümlerinde ýüzlerçe adam öldürileninden soň, müňlerçe jeňçi yslamçyny tussag etdi.

Ministrlik jezalaryň 2-nji ýanwarda, 12 sany dürli-dürli ýerde ýerine ýetirilendigini aýtdy. Geçen ýyl bu ýurtda azyndan 157 adam ölüme buýruldy. 2014-de bu görkeziji 90 adam adam bolupdy.

XS
SM
MD
LG