Sepleriň elýeterliligi

Dissident Lesbosda ýadygärlik gurýar


 Ai Weiwei

Ai Weiwei

Hytaýly dissident hudožnik Ai Weiwei Gresiýanyň Lesbos adasynda studiýa döretdi we ol ýerde uruşdan we garyplykdan gaçyp gutulmaga synanyşyp ölen müňlerçe bosgunyň hatyrasyna ýadygärlik gurjagyny aýdýar.

«Hudožnik hökmünde, men adamzadyň göreşlerine dahylly bolmaly... Men bu ýagdaýlary öz sungatymdan hiç wagt aýry tutmaýaryn» diýip, öz sungaty bilen hytaý režimine garşy çykyş edip at gazanan Ai aýtdy.

Ol AFP habar gullugyna Türkiýeden Ortaýer deňziniň üsti bilen Gresiýa we Ýewropa Bileleşigine aşyp, gowurak durmuşda ýaşamaga synanyşyp ölen müňlerçe bosguna ýadygärlik dikjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG