Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Saud Arabystanyny aýyplaýar


Ýemen, huti goldawçysy protest mahalynda ruhany Nimr al-Nimriň suratyny kellesine daňypdyr.
Ýemen, huti goldawçysy protest mahalynda ruhany Nimr al-Nimriň suratyny kellesine daňypdyr.

Eýran regional bäsdeşi Saud Arabystanyny, tanymal şaýy ruhanysyny jezalandyryp öldüreninden soň, terrorçylygy goldamakda günäleýär.

"Saud hökümeti terrorçylary we [radikal sünni] ekstremistlerini goldaýar, şol bir wagtda-da ýurduň içindäki tankytçylary basyp ýatyrýar» diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hossein Jaber Ansari aýtdy diýip, döwlet mediasy habar berdi.

Ansari Saud Arabystanynyň bu syýasaty üçin uly töleg tölemeli boljagyny aýtdy.

Saud Arabystany terrorçylyk hereketleri we zorluga meçew bermek bilen ilteşikli günäli tapylan 47 adamy jezalandyryp öldürdi diýip, patyşalygyň Içeri işler ministrligi 2-nji ýanwarda aýtdy.

Ölüm jezasy ýerine ýetirilen adamlaryň döwlet mediasynda çap edilen sanawynda tanymal şaýy ruhanysy Nimr al-Nimritsiň hem ady bar.

Al-Nimr 2011-nji ýylda, Arap ýazynyň bir bölegi hökmünde, sünniler tarapyndan dolandyrylýan patyşalygyň gündogarynda turan şaýy protestlerinde esasy adamlaryň biri bolupdy.

56 ýaşyndaky Al-Nimriň jezalandyrylyp öldürilmegi şaýy köplügindäki Eýranda we Yrakda gahar-gazaply reaksiýalary döretdi.

Tähranda aýatolla Ahmad Hatami, Ekspertler assembleýasynyň agzasy we anna namazynyň lideri bu jezalandyrmany Saud Arabystanynyň «biabraý» režiminiň «jenaýaty» hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

"Bu… gan Saud öýüniň bosagasynda pitne bolar we olaryn taryhyň gatyndan süpürip aýrar» diýip, Hataminiň aýdan sözleri sitirlendi.

Saud Arabystanynyň sebitdäki esasy basdaşy bolan Eýran ozal ruhanyny jezalandyryp öldürmegiň «Saud Arbasytanyna gymmat düşjekdigini» duýdurypdy.

Yrakly deputat Mohammed al-Saýhud Nimriň jezalandyrylyp öldürilmegi sebitde mezhep agzalalygyna meçew bermek niýeti bilen edilen iş diýdi.

"Bu çäre [Saud Arabystanynyň] dolandyryjy maşgalasy tarapyndan regiony gaýtadan öjükdirmegi, sünniler bilen şaýylaryň arasynda mezhep söweşini tutaşdyrmagy maksat edinýär» diýip, ol al-Sumaria TW-sine aýtdy.

Şu aralykda Nimriň dogany maşgalanyň bu habara aňk bolandygyny aýtdy we islendik reaksiýanyň parahatçylykly bolmagyna umyt bildirdi.

"Biz islendik reaksiýanyň parahatçylykly çäreleriň çygrynda bolmagyna umyt bildirýäris. Hiç kim parahatçylykly çygyrdan daşarda hiç bir rekasiýa görkezmese gowy bolar. Dökülen gan onsuzam ýeterlik» diýip, Mohammed al-Nimr «Roýters» habar gullugyna aýtdy.

Ol ruhanynyň patyşalygyň işine «daşardan goşulmaklaryny» islemekde, ýurduň dolandyryjylaryna «gulak asmazlykda», howpsuzlyk güýçlerine garşy ýaraga ýapyşmakda günäli tapyldy diýdi.

Azlykdaky şaýylar bu protestlerde özleriniň gysylmagyndan nägilelik bildirdi we protest mahalynda bolan atyşyk we ýangyç bombalary sebäpli birnäçe polisiýa ofiseri öldürileninden soň, şaýy azlygynyň ýüzlerçe agzasy tussag edildi.

Şeýle-de patyşalyk 2003-06-njy ýyllarda guralan «Al-Kaýda» hüjümlerinde ýüzlerçe adam öldürileninden soň, müňlerçe jeňçi yslamçyny tussag etdi.

Ministrlik jezalaryň 2-nji ýanwarda, 12 sany dürli-dürli ýerde ýerine ýetirilendigini aýtdy. Geçen ýyl bu ýurtda azyndan 157 adam ölüme buýruldy. 2014-de bu görkeziji 90 adam adam bolupdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG