Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi saudlylara 'ylahy öji' duýdurýar


Protestçiler Saud Arabystanynyň Eýranyň paýtagtyndaky ilçihanasyna zabt etdiler.
Protestçiler Saud Arabystanynyň Eýranyň paýtagtyndaky ilçihanasyna zabt etdiler.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi Saud Arabystanyna oppozisiýadaky şaýy ruhanysyny jezalandyryp öldürendigi üçin “ylahy öjüň» garaşýandygyny duýdurdy, Riýad bolsa Tährany terrorçylygy goldamakda aýyplady.

Bu iki ýurduň bir-birini aýyplamasynyň yzysüre eýranly protestçiler Tährandaky saud ilçihanasyna zabt etdiler

Tährandaky gozgalaň Saud Arabystanynyň, ölüme höküm edilen 46 tussag bile bilelikde, tanymal şaýy ruhanysy Nimr al-Nimri jezalandyryp öldürmeginiň yzysüre turdy.

Nimr Riýad tarapyndan terrorçy diýlip hasaplanyldy, emma ol Eýranda Saud Arabystanynda gysyş astynda ýaşaýan şaýy azlygynyň hukuklaryny goramagyň öňdebaryjysy hasaplanylýar.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi 3-nji ýanwarda Saud Arabystany «ylahy öç» bilen ýüzbe-ýüz dur diýdi.

Biraz öň Eýranyň berk liniýaly Rewolýusiýa goragçylary Saud Arabystanynyň patyşa maşgalasyndan «gazaply ar almagy» wada berdi.

Eýranyň daşary işler ministrligi Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçisini çagyryp, Nimriň jezalandyrylyp öldürilmegine garşy protest bildirdi.

Saud Arabystany bolsa Eýranyň patyşalykdaky ilçisini çagaryp, eýran häkimiýetleriniň tankydy sözleri üçin protest bildirdi.

Yrakda, şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Eýrana ýakyn durýan ýerinde hem tanymal dini we syýasy şahslar Riýad bilen gatnaşyklaryň kesilmegini talap etdiler.

Waşingtonda Döwlet departamentiniň sözçüsi ABŞ-nyň, dartgynlyklaryň gyssagly gowşadylmaly mahaly, Nimriň jezalandyrylyp öldürilmegi mezhep agzalalygyny güýçlendirer diýip alada galandygyny aýtdy.

Al-Nimr 2011-nji ýylda, Arap ýazynyň bir bölegi hökmünde, sünniler tarapyndan dolandyrylýan patyşalygyň gündogarynda turan şaýy protestlerinde esasy adamlaryň biri bolupdy.

Saud Arabystanynyň sebitdäki esasy basdaşy bolan Eýran ozal ruhanyny jezalandyryp öldürmegiň «Saud Arabytanyna gymmat düşjekdigini» duýdurypdy.

Tähranda aýatolla Ahmad Hatami, Ekspertler assembleýasynyň agzasy we anna namazynyň lideri bu jezalandyrmany Saud Arabystanynyň «biabraý» režiminiň «jenaýaty» hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

"Bu… gan Saud öýüniň bosagasynda pitne bolar we olaryn taryhyň gatyndan süpürip aýrar» diýip, Hataminiň aýdan sözleri sitirlendi.

Eýranyň yslamçy Rewolýusiýa goragçylarynyň beýanatynda saud hökümetiniň «bu utançly hereket» üçin «agyr töleg tölemeli» boljakdygy, munuň saud dolandyryjylarynyň “çökmeginiň» nyşany bolandygy aýdylýar.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi özüniň twitter hasabynda Nimri «şehit» diýip atlandyrýar.

"Oýanyşy basyp ýatyryp bolmaýar" diýip, Hamenýiniň iňlis dilli twitter hasabynda, Nimriň suratynyň çap edilen ýerinde aýdylýar.

Berk liniýalylar topary özleriniň 3-nji ýanwarda Tähranda, saud ilçihanasynyň daş işiginde Nimriň jezalanyrylmagyna garşy protest geçirjekdiklerini aýtdylar.

Protestçiler 2-nji ýanwarda hem Maşatdaky saud konsullygynyň daş işigine toplandylar. Aýdylmagyna görä, olar saud baýdagyny aşak ýatyrypdyrlar.

Nimriň jezalandyrylmagy sebitdäki başga ýurtlarda, şol sanda şaýy köplügindäki Yrakda we Bahreýnde hem gaharly reaksiýalary döretdi.

Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi Nimriň jezalandyrylmagynyň sebitiň howpsuzlygyna ýaramaz täsir ýetirjegini duýdurdy.

Ol öz feýsbuk hasabynda sesleri sem etmek we garşydaşlary jezalandyryp öldürmek "weýrançylykdan başga hiç bir zada eltmez» diýdi.

Yragyň ozalky premýer-minisri Nuri al-Maliki Nimriň jeazalandyrylmagy «Saud režiminiň agdarylmagyna» getirer diýdi.

Yrakly deputat Mohammed al-Saýhud Nimriň jezalandyrylyp öldürilmegi sebitde mezhep agzalalygyna meçew bermek niýeti bilen edilen iş diýdi.

"Bu çäre [Saud Arabystanynyň] dolandyryjy maşgalasy tarapyndan regiony gaýtadan öjükdirmegi, sünniler bilen şaýylaryň arasynda mezhep söweşini tutaşdyrmagy maksat edinýär» diýip, ol al-Sumaria TW-sine aýtdy.

Tanymal şaýy ruhanysy Moktada al-Sadr pars aýlagy ýurtlarynda we Yrakda Nimriň jezalandyrylmagyna garşy protest geçirmäge çagyrdy.

Bahreýnde polisiýa Nimriň portretini depelerinde göterip, onuň jezalandyrylmagyna garşy protest bildirýän onlarça protestçini dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Şu aralykda Nimriň dogany maşgalanyň bu habara aňk bolandygyny aýtdy we islendik reaksiýanyň parahatçylykly bolmagyna umyt bildirdi.

"Biz islendik reaksiýanyň parahatçylykly çäreleriň çygrynda bolmagyna umyt bildirýäris. Hiç kim parahatçylykly çygyrdan daşarda hiç bir reaksiýa görkezmese gowy bolar. Dökülen gan onsuzam ýeterlik» diýip, Mohammed al-Nimr «Roýters» habar gullugyna aýtdy.

Ol ruhanynyň patyşalygyň işine «daşardan goşulmaklaryny» islemekde, ýurduň dolandyryjylaryna «gulak asmazlykda», howpsuzlyk güýçlerine garşy ýaraga ýapyşmakda günäli tapyldy diýdi.

Nimriň dogany soňra saud häkimiýetleriniň öz maşgalasyna ruhanynyň eýýäm jaýlanandygyny habar berendiklerini, emma haýsy gonamçylykda ýerlenendigini aýtmandyklaryny aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG