Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Deli 'howasyny arassalaýar"


Nýu-Deli 1-nji ýanwardan başlap, howanyň arassalanmagy üçin, iki hepdeläp köçelerdäki maşynlary azaltmagy planlaşdyrýar.

Hindistanyň paýtagty howanyň hapalygy boýunça dünýäde ýokary orunda durýar we 1-nji ýanwardan 15-nji ýanwar aralygynda hususy awtoulaglaryň diňe günaşadan ýola çykmagyna rugsat berilýän programmany synag edýär.

Synagyň birinji gününde köp maşyn synagyň talaplaryna boýun boldy. Köçe hereketi, adatça dykynly bolýan wagtlarynda hem, asuda boldy.

Emma täze ýyl baýramçylygy sebäpli mekdepler, köp edara ýapyk bolansoň, täze düzgünleriň köçe hereketini nä derejede azaldandygyny anyklamak kyn boldy.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň bu ýurtdaky ilçihanasy hatda şeýle çäklendirmeler wagtynda hem howanyň hapalygynyň çagalar, garrylar we ýarawsyzlar üçin töwekgellik döredýän derejede ýokary bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG