Sepleriň elýeterliligi

Yrak: YD 15 harbyny öldürdi


Bäş sany janyndan geçen bombaçynyň 3-nji ýanwarda Bagdadyň demirgazygyndaky harby baza eden hüjümleri netijesinde Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 15 agzasy öldürilip, 22-si ýaralandy.

Yragyň howpsuzlyk resmileri iki bombaçynyň maşynda goýlan partlaýjylaryny Tikrit şäherindäki ozalky amerikan bazasynyň günbatar derwezesinde partladandyklaryny aýtdy.

Ýene üç bombaçy bolsa, bazanyň yrak polisiýasyna tälim berilýän ýerine girip, özlerini partladypdyr.

Yragyň demirgazygynda we günbatarynda uly territoriýany eýeleýän «Yslam döwleti» topary internetde beýanat çap edip, bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG