Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi bazasynda ýene atyşyk boldy


Hindistanyň Howa güýçleriniň demirgazyk şäher Pathankotda ýerleşýän harby bazasynda, güman edilýän yslamçy jeňçiler bilen atyşykda 11 adam ölenden bir gün soň, täze atyşyk turdy.

Häkimiýetler 3-nji ýanwarda iki sany ýaragly adamyň atyşyga girendigini, olaryň 2-nji ýanwardan bäri bazanyň içinde gizlenip durandygyny aýtdylar.

2-nji ýanwarda ýaragly adamlar baza zabt edip, ýedi esgeri öldüripdiler. Şonda howa bazasynda dört sany jeňçi hem öldürilipdi.

Bu baza Hindistanyň Pakistan serhedine golaý ýerde ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG