Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz milli nahary 'kemsidildi'


Gyrgyz protestçiler

Gyrgyz protestçiler

Gyrgyzystan daşary ýurt eýeçiligindäki altyn käninde işleýän britaniýaly erkegi sorag etmek üçin saklady, ol ýerli halkyň gowy görýän naharyny atyň jyns organyna deňäpdir.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi 3-nji ýanwarda britaniýaly Maýkl Makfiti (Michaýel Mcfeat), Kanadanyň «Centerra Gold» firmasynyň işgärini Karakol şäherinde, Feýsbukda bir komment ýerleşdireninden soň, sorag üçin tussag edendigini tassyklady.

Bişkekdäki häkimiýetler Makfitiň bellikleriniň «Centerra Gold» firmasynyň iş ýerinden alnan Täze ýyl baýramçylygyna degişli suratlar bilen çap edilendigini aýdýarlar.

Makfit, aýdylmagyna görä, milli nahar bolan «çuçuk» üçin nobata duran ýerli işgärleriň «öz ýörite tagamlaryna, atyň jyns organyna» taýýarlyk görýändiklerini aýdypdyr. Çuçuk at etinden we içegelerinden edilýän kolbasadyr.

Britaniýalynyň bu deňeşdirmesi 2-nji ýanwarda Kumtor känindäki işçileriň iş taşlaýşyna getirdi.

Bu ýer Gyrgyzystanyň hökümeti bilen Kanadanyň altyn käni kompaniýasynyň arasyndaky jedeliň merkezi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG