Sepleriň elýeterliligi

Täze hasabatda aýdylmagyna görä, "eger "YD" ýeňläýse, onuň ornuna geçmäge taýýar bolan başga salafi jyhadçy toparlaryň 65 müň söweşijisi bolan goşuny bar".

Britaniýanyň metbugaty täze çap edilen hasabata görä berýän maglumatynda, "YD" topary ýeňlen halatynda hem "Siriýada jyhat terrorçylygynyň" gutarmajakdygyny we onuň ornuny eýelemäge taýýar ýene 15 sany jyhatçy toparyň bardygyny aýan edýär.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Siriýada uruşýan gozgalaňçylaryň üçden bir bölegini "Yslam döwleti" atly guramanyň ideýalaryna meňzeýän dini ynançlary we syýasy maksatlary bolan toparlar düzýärler.

Gozgalaňçylaryň ýüzden 33 göterimi "YD" ýaly pikir edýärler

Hasabaty taýýarlanlaryň pikiriçe, aslynda ol on bäş guramanyň her biri "YD-niň" harby taýdan ýeňlenden soň ýüze çykjak abraý boşlugyny eýelemäge dyrjaşýarlar.

Hasabatda, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw guramasynyň maglumatlaryna salgylansaň, Siriýada "YD" toparynyň jemi 31 müň söweşijisi bar. Ýöne ady agzalýan beýleki toparlaryň hatarlarynda bolsa 65 müň söweşiji bar.

Täze hasabaty Din we geosyýasy merkez (Centre on Religion and Geopolitics) atly topar taýýarlapdyr. Ol toparyň Britaniýanyň owalky premýer-ministri Tony Blairiňkidigi aýdylýar.

Topar hasabaty taýýarlaýan mahaly Siriýadaky 48 gozgalaňçy guramalaryň syýasy garaýyşlaryny içgin synlapdyr.

Alnan netijeler bolsa, olaryň ýüzden 33 göteriminiň garaýşynyň "YD-niň" ideologiýasy bilen birmeňzeşdigini subut edipdir. Synçylaryň pikirine görä, eger muňa şerigat kanunlaryna görä hereket edýän hökümet gurmak isleýän toparlar hem goşulsalar, onda pikirdeşleriň eýeleýän sany ýüzden 60 derejä baryp ýetýär.

Assad hökman iş başyndan gidäýmeli

Hasabatda aýdylyşyna görä, "eger "YD" ýeňilse-de, onuň ornuna geçmäge taýýar başga selefi jyhatçy toparlardan düzülen 65 müň söweşiji bar".

Hasabatda "Halkara bileleşik üçin iň uly howpy aslynda "YD" bilen şol bir ideologiýa eýerýän, ýöne "YD-e" garşy alnyp barylýan harby hereketde ünsden düşürilýän şol toparlar emele getirýärler" diýip nygtalýar.

Hasabatda şeýle maslahat berilýär: "YD-e" garşy harby hereketler hökmany bolsa-da, syýasatçylar "YD-niň" ýeňilmegi bilen salafi jyhatçylygynyň durmajakdygyny hökman göz öňünde tutmalydyr. Şonuň üçinem owaly bilen jyhatçylygy herekete getirýän aň-düşünjäni we dinparazlygy ýeňmeli.

Hasabatda aýdylyşyna görä, Siriýadaky gozgalaňçylaryň ýüzden 90 göterimi prezident Başar al-Assadyň wezipesinden agdarylmagyny maksat edinýärler. Diýmek, "ol prezident bolup otyrka parahatçylyk barasynda hiç hili ylalaşyga gelinmejegi köre hasadyr".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG