Sepleriň elýeterliligi

Ýagtylyk hem körlük


Kitap we äýnek.

Kitap we äýnek.

– Narzy Nurmämmedi tanaýaňmy?

Işe baryp, entek zatlarymy-da goýmaga ýetişmänkäm berlen bu sorag inimi tikenekletdi.

Tanalýan ynsan

Gündogarda “Ýanyňda müşk bolsa, ony aýtmagyň hajady ýok” diýilýär. Narzy diýen at Türkmenistanda seýrek, ýöne şol at tutulanda, bütin yurt bir oftalmology göz öňüne getirýär. Ol diýseň tanymal wraç boldy, ondan köp adam haýr tapdy. Öz döwründe bejergi işinde-de, ylymda-da örän öňe saýlandy.

Hudaýa müň gezek şükür edýän; meniň gözüm agyrmady, töwerek-daşymdakylardan hiç biri gözden ejir çekmedi. Şonuň üçin Narzy barada bir zat diýsem, ony öz möhümimi bitireni üçin däl, iliň sözünden çen tutup aýdýan.

Narzy Nurmämmedow. 1984-nji ýyl, Aşgabat.

Narzy Nurmämmedow. 1984-nji ýyl, Aşgabat.

Beýleki bir tarapdan, gözden ejir çekmedigim üçin, hut Narzy Nurmämmede, onuň beýik halypasy Sary Karanowa hem beýleki ynsanlara minnetdar bolýan. Sebäbi olar ençeme göz keselleriniň öňüni almak üçin, köp jan çekdiler. Çaga wagtymyzda, trahoma diýen ýokanç göz keseli bolardy. Biz eýýäm oglan döwrümizde, ol kesel ýok edildi.

Göze garasuw inme aýratyn bir bela hasaplanýardy. Soňra ol keseli bejerip başladylar hem howply dertden ynsan gözüni halas etdiler. Munuň özi ynanyp bolmajak hakykatdy. Sebäbi gözüň açylmagy – bagtyň açylmagy ahyryn. Şeýdip, 60-njy ýyllarda milletiň gözünde hem kalbynda ýagtylyk peýda bolupdy. Muny şolar gazandylar. Şol uly hyzmatyň bir çetinde Narzy Nurmämmediň durandygy belli. Ýogsa onuň ady bütin ile dolmazdy.

Maglumat

Türkmen ensiklopediýasynyň ýazmagyna görä, N. Nurmämmedow 1932-nji ýylda, öňki Çärjew, häzirki Türkmenabat şäheriniň etegindäki Çömmekdepe obasynda dünýä inýär. Medisina institutyny tamamlandan soň, bütin ömrüni oftalmologiýany ösdürmäge sarp edýär. Ol medisina ylymlarynyň doktory bolýar hem professorlyk derejesini alýar. Töwerekleýin alyp baran ylmy-barlaglary hem bejergi işleri üçin, professor N. Nurmämmedowa Türkmenistanyň Ylym we tehnika baradaky döwlet baýragy berilýär.

Ol göz keselleri boýunça 125-den gowrak ylmy işiň, üç monografiýanyň, dört oýlap tapyşyň hem 20 sany örän peýdaly teklibiň awtory diýip, ensiklopediýada ýazýar. Türkmenistanda ilkinji bolup, gözüň mikrohirurgiýasynyň esasyny goýujy hökmünde N. Nurmämmedow tanalýar. Glaukomany (garasuw inme), kataraktany, pterigiumy, beterleşýän şowa körlügi, göze güýçli şikes ýetmeleri we beýleki keselleri bejermek bilen baglanyşykly onuň öňe süren usullary oftalmologlar tarapyndan makullanýar hem iş ýüzünde giňden ulanylýar. Öň mikrohirurgiýada tikin üçin, daşary ýurtdan getirilen sapak ulanylýan ekeni. N. Nurmämmedow türkmen ýüpeginden, has amatly sapagy teklip edýär. Bu usul hem iş ýüzünde amala aşyrylýar.

Onuň ýolbaşçylygynda göz keselleri ugrundan onlarça adam kandidatlyk hem doktorlyk işlerini taýýarlapdyr.

Ol ylmy derňewleri, praktiki bejeriş işlerini hem ýaşlara tälim bermegi, öz tejribesini şägirtlerine öwretmegi yzygiderli dowam etdirdi.

Köpüň adamy

Narzy Nurmämmedowy diňe bir ylmy jemgyýetçilik däl, köpler tanaýardy. Ol örän dostana hem girişgem adamdy. Dostlarynyň toý-märekesinden galmazdy. Şeýle üýşmeleňlerde ony köpçüligiň arasynda görmek bolýardy. Ol örän mylaýym, töwerek-daşyny bezäp duran nurana ýüzli hem süýji dilli ynsandy.

Adamçylyk derejesiniň medeniýetli bolmagy hem seýrek ukyby bilen köpüň ýüreginden orun tapdy. Onuň ukybyndan haýyr görenler Narzynyň örän ýeňil eliniň, süýji diliniň hem aşa sada kalbynyň bardygyny aýdýardylar. Halk arasynda: “Ol ruhy körlerden başganyň kalbynda ýagtylyk döredip bilýär” diýen gürrüň ýaýrdy.

Ol barada oçerkler hem goşgular ýazyldy. Aýratyn-da, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow “Ýagty jahan” powestinde bu ynsanyň hyzmatyna sarpa goýdy. Şahyr hem ýazyjy Ýylgaý Durdy bolsa “Göz” diýip roman döretdi. Ol bu ýerde N. Nurmämmedowyň ömür ýoluny hem hyzmatyny açmaga çalyşdy.

Soňky maksat

Medisina Döwlet institutynyň rektory wezipesinden çekilensoň, N. Nurmämmedow Türkmenistanda Medisina ylymlarynyň akademiýasyny döretmek işine girişdi. Ol akademiýa medisina pudagynda bolan dürli ylmy-barlag institutlaryň hem merkezleriň otuzdan gowragyny özüne birleşdirmelidi. Sebäbi olaryň işlerini hem gazanan tejribesini umumy bähbide gönükdirmek üçin, bir merkez gerekdi. Öň beýle hyzmaty Moskwa alyp barýardy.

Ýöne oňa ýol berilmedi. Onuň gazanan tejribesinden hem ukybyndan peýdalanmak islemediler.

Narzy Nurmämmedow 2012-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda, 80 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG