Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen kenarynda ýene bir azeri nebitçisiniň jesedi tapyldy


Azerbaýjanyň “Güneşli” nebit ýatagynda bolan ýangyn.
Azerbaýjanyň “Güneşli” nebit ýatagynda bolan ýangyn.

Hazar deňziniň türkmen kenarlarynyň golaýynda Azerbaýjanyň “Güneşli” nebit ýatagynda bolan ýangynda wepat bolan nebitçileriň ýene biriniň jesedi tapyldy, diýip habar agentlikleriniň maglumatlarynda aýdylýar.

“Trend” agentliginiň Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligine salgylanyp, 3-nji ýanwarda habar bermegine görä, gözleg-halas ediş işleriniň netijesinde “Kursor” atly gämi azeri nebitçisiniň jesedini tapypdyr. Ministrlik tapylan jesediň egin-eşiginde “Azneft” ýazgysynyň bardygyny belleýär.

Şeýle-de, bu wakadan bir gün soň, ýagny 4-nji ýanwarda Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi Hazar deňziniň türkmen kenarlarynda tapylan azeri nebitçileriniň jesetlerini Bakuwa getirmek üçin Türkmenistana uçar ugradylandygyny mälim etdi.

Ýatladyp geçsek, 2015-nji ýylyň 27-nji dekabrynda hem, Hazar deňziniň türkmen kenaryndan 60 kilometr uzaklykda “Berkarar” atly gämi bir azeri nebitçisiniň jesedini tapypdy. Şonda Türkmenistanyň “Baýan” gämisine habar berilip, erkek adamyň jesedi Türkmenbaşy portuna eltildi, ýanyndaky pasportyň esasynda onuň Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň işgäri Iman Gasymowdygy anyklandy.

Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Güneşli” ýatagynyň 10-njy platformasynda gazgeçiriji turbanyň sandan çykmagynyň netijesinde 2015-nji ýylyň 4-nji dekabrynda ýangynyň dörändigi habar berilipdi.

Şol wakanyň bolan mahaly howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli halas ediş işleri agyrlaşdyrdy. Şonda 33 adamyň halas edilendigi, ýedi adamyň jesediniň tapylandygy we olaryň şahsyýetiniň anyklanandygy, ýene 23 adamyň gözlenýändigi habar berilipdi.

Şu ýylyň 5-nji dekabrynda Azerbaýjanyň premýer-ministri Artur Rasi-zadeniň ýolbaşçylygynda döwlet komissiýasy döredildi. Bu komissiýanyň öňünde halas ediş işlerini we dereksiz ýitenleri gözlemek işleri tizleşdirmek, hadysanyň sebäplerini anyklamak we onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça işleri geçirmek maksady goýuldy.

XS
SM
MD
LG