Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 42 şübheli söweşiji tussag edildi


Pakistanyň adalat ministri Rana Sanaullah ýurduň Punjab welaýatynyň häkimiýetleri “Yslam döwleti” atly ekstremist topar bilen ilteşigi bardygy aýdylýan 42 sany şübheli söweşijini tussag etdiler diýdi.

Sanaullahyň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän şübheli söweşijiler Punjab welaýatynyň dört şäherinde tussag edildi. Bu tussag edilmeler geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda geçirilen reýdler döwründe ele salynan deliller esasynda amala aşyrylypdyr.

29-njy dekabrda Sanaullah polisiýanyň Punjab welaýatynyň merkezindäki Daska şäherinde “Yslam döwleti” atly toparyň agzasy bolmakda güman edilýän sekiz adamy tussag edendigini aýdypdy. Tussag edilen sekiz adam terroristik birleşigi döretmegi planlaşdyrmakda we Pakistanda hüjümleri amala aşyrmakda aýyplanypdy.

29-njy dekabrda Daskada geçirilen reýdlerden öň, Pakistanyň hökümeti ýurtda “Yslam döwleti” atly toparyň hereket edýändigini resmi taýdan ret edipdi.

XS
SM
MD
LG