Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylar Eýran bilen gatnaşyklary kesdi


3-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Tährandaky diplomatik edarasyna edilen hüjüm.
3-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Tährandaky diplomatik edarasyna edilen hüjüm.

Saud Arabystany özüniň regional bäsdeşi Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi. Bu waka Saud Arabystanynda tanymal şaýy ruhanysynyň dardan asylyp öldürilmegi bilen baglanyşykly Tährandaky saud ilçihanasyna we konsulhanasyna edilen hüjümiň yzýanyna gabat geldi.

3-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir öz ýurdunyň Eýran bilen gatnaşyklaryny kesýändigini we Eýranyň diplomatik işgärleriniň ýurdy terk etmegi üçin 48 sagadyň berlendigini mälim etdi.

3-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Tährandaky diplomatik edarasyna edilen hüjümden soň, Eýrandaky saud diplomatik işgärleriniň ählisi yzyna çagyryldy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi Saud Arabystanyna oppozisiýadaky şaýy ruhanysyny jezalandyryp öldürendigi üçin “ylahy öjüň» garaşýandygyny duýdurdy, Riýad bolsa Tährany terrorçylygy goldamakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG