Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Hindi konsulhanasyna hüjüm ediljek boldy


Hindi konsulhanasynyň golaýynda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri. 4-nji ýanwar, 2015 ý.
Hindi konsulhanasynyň golaýynda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri. 4-nji ýanwar, 2015 ý.

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazar-e Şarif şäherindäki hindi konsulhanasynyň töwereginde howpsuzlyk güýçleri bilen ýaragly adamlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň 4-nji ýanwarda daňdana çenli dowam edendigi habar berilýär.

3-nji ýanwarda şahsyýeti nämälim hüjümçileriň hindi konsulhanasynyň edarasyna reýd başlatmagy netijesinde iki sany güýçli partlamanyň we ok atyşygy sesi eşidildi.

Balh welaýat häkiminiň metbugat wekili häzirki wagtda hüjümçileriň yza serpikdirilendigini we olaryň köçedäki jaýlaryň birinde bukulandygyny aýtdy. Çaknyşyklaryň netijesinde parahat ilatdan azyndan bir adam ýaralandy.

Emma adam ýitgileriniň bolup-bolmandygy we hüjümçileriň sany barada henize çenli maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtyň özünde bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG