Sepleriň elýeterliligi

Türk hakerleri rus ministrini nyşana aldy


Orsýetiň aragatnaşyk ministriniň sosial ulgamyndaky sahypasy özlerini türk aktiwist topary diýip mälim eden hakerler tarapyndan gysga wagtlaýyn petiklendi.

Ministr Nikolaý Nikiforowyň “Instagram” sahypasyndan alnan suratlara görä, bu sahypa "The Börteçine Cyber Team" diýlip atlandyrylýan hakerler tarapyndan petiklendi. Bu baradaky maglumatlar 3-nji ýanwarda rus we türk metbugatlarynda peýda boldy.

Rus ministriniň “Instagram” sahypasy hakerler tarapyndan petiklenen mahaly, onda söweş uçarynyň, türk baýdagynyň we Türkiýe döwletini döreden Mustafa Kemal Atatürküň portreti görkezildi.

Ulanyjylar tarapyndan suratlar we wideolar çap edilýän “Instagram” ulgamy Nikiforowyň sahypasyny we onuň suratyny gaýtadan dikeltdi.

XS
SM
MD
LG