Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Iki sünni metjidine hüjüm edildi


4-nji ýanwarda Yragyň merkezindäki iki sünni metjidine hüjüm edildi. Bu waka Saud Arabystanynyň tanymal şaýy ruhanysyny dardan asmagynyň yzýany, täze mezhabara ýowuzlyklar barada gorky-aladalar artan mahaly boldy.

Şeýle-de, Yragyň häkimiýetleri 4-nji ýanwarda sünni ruhanysynyň ýurduň Iskandariýah şäherçesindäki öýüniň golaýynda atylyp öldürilendigini mälim etdiler.

Yragyň polisiýasy Hilla şäherindäki we onuň golaýyndaky sünni metjitleriniň hem harby geýim-gejimdäki adamlaryň toparlary tarapyndan bombalanandygyny aýtdy.

Bu hüjümler Bagdadyň günortasynda şaýy musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan sebitinde we şaýylaryň mukaddes şäheri Karbalanyň 50 kilometr gündogarynda amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG