Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Nepesgulyýewiň tussaglygy eden-etdilikdir'


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary Türkmenistanda üç ýyllyk türmä höküm edilen žurnalist Saparmämmed Nepesgulyýewiň saklanmagy we tussag edilmegi eden-etdilikli diýen netijä geldi diýip, “Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” guramasy habar berýär.

“Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” guramasynyň we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmed Nepesgulyýew ýanynda neşeli serişdeleri saklamakda güman edilip, 2015-nji ýylyň tomsunda tussag edilip, 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

BMG-niň işçi toparynyň agzalary Saparmämmed Nepesgulyýewiň pikirini parahatçylykly beýan etmek hukugyny berjaý edendigi üçin azatlykdan mahrum edilen hasap edýär diýip, “Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” guramasynyň maglumatynda aýdylýar we bu hukuga Adam hukuklary boýunça ählumumy deklarasiýanyň, şeýle-de Raýat we syýasy hukuklaryň halkara ylalaşygynyň 19-njy maddasynyň kepil geçýändigi bellenilýär. BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi toparynyň karary onuň 74-nji maslahatynda 2-nji dekabrda “Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” guramasynyň şikaýaty esasynda kabul edildi.

Türkmenistan barada maglumat berýän guramanyň ýolbaşçysy Ruslan Mätiýew öz guramasynyň şikaýaty boýunça gelnen bu kararyň işçi topar tarapyndan özüne berlendigini habar berdi we onuň resmi taýdan çap edilmegine indi garaşylýandygyny belledi.

Oňyn karar

Ruslan Mätiýew bu kararyň Nepesgulyýewiň hukuklaryny goramak üçin ähmiýetiniň bardygyny belledi. Onuň sözlerine görä, “Saparmämmed Nepesgulyýewiň saklanmagynyň we tussag edilmeginiň eden-etdilikli diýlip ykrar edilmegi Türkmenistanyň käbir halkara normalaryny berjaý etmändigini tassyklady. Şeýle-de, kararyň iň wajyp tarapy Nepesgulyýewiň eden-etdilikli tussag edilip, oňa garşy iş gozgalmagynyň onuň žurnalist hökmünde alyp baran işleri bilen bagly diýip ykrar edilmegine degişli”.

Ýene-de Ruslan Mätiýewiň bellemegine görä, “işçi toparyň bu karary onuň BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine berjek hasabatynda görkeziler. Mundan beýläk BMG-niň maslahatlarynda Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly mesele gozgalanda, Nepesgulyýewiň işi mydama gozgalar”.

“Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” guramasynyň we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmed Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň iýul aýynda ýitirim bolupdy, onuň tussag edilendigi wagtynda habar berilmän, diňe awgust aýynyň aýagynda onuň neşeli dermanlary saklamakda günälenip, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi habar berlipdi.

“Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” guramasy BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi toparyna eden öz ýüzlenmesinde Nepesgulyýewiň tussag edileli bäri daşky dünýäden üzňelikde saklanandygyny we öz ykbaly barada habar bermek, aklawçy bilen duşuşmak mümkinçiliginden mahrum edilendigini, şeýle-de oňa garşy gynamalaryň ulanylan bolmagy barada howatyrlanmalary öňe sürüp, suduň açyk bolmandygyna, türkmen häkimiýetleriniň žurnalistiň maşgalasyna basyş edýändigine ünsi çekendigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleriniň jogaby

“Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” guramasy öz resmi websaýtynda Türkmenistanyň BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi toparynyň ýüzlenmesine beren resmi jogabynyň tekstini hem ýerleşdirdi.

Bu dokumentde, hususan-da, Saparmämmed Nepesgulyýewiň “tramadol gidrohlorid derman serişdeleriniň bikanun dolanyşygynda güman edilip” 7-nji iýulda tussag edilendigi, onuň el goşlary barlananda sumkasyndan agramy 8.8 gram 44 sany “Tramadol” tabletkasynyň tapylandygy we şu sebäpden onuň garşysyna 2015-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 303-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda jenaýat işiniň gozgalandygy, 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň sudunyň ony doly günäli diýip, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edendigi habar berilýär.

Şeýle-de, dokumentde Nepesgulyýewe garşy ruhy ýa-da fiziki taýdan hiç hili basyşyň edilmändigi bellenýär we onuň häzirki wagtda Balkan welaýatynyň polisiýa uprawleniýesiniň BL-D/5 edarasynda jeza möhletini başdan geçirýändigi habar berilýär. Onuň saklanýan şertleriniň, şeýle-de ýakyn garyndaşlary bilen duşuşyklarynyň Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda berjaý edilýändigi türkmen häkimiýetleriniň resmi jogaby hökmünde çap edilen dokumentde habar berilýär.

Maşgalasy bilen gatnaşyk

Azatlyk Radiosy Saparmämed Nepesgulyýewiň ejesi Raýsina Saryýewa bilen soňky gezek sentýabr aýynda söhbetdeş bolupdy. Şonda Raýsina ogluna iş kesilendigi barada özüne türkmen häkimiýetleri tarapyndan habar ýetirilendigini we ogluny görmegi arzuw edýändigini aýdypdy. Emma şondan soň Nepesgulyýewiň ejesi bilen aragatnaşyk doly kesildi.

“Türkmenistanyň Alternatiw Täzelikleri” guramasynyň ýolbaşçysy Ruslan Mätiýew hem Nepesgulyýewiň maşgalasy bilen soňky gezek sentýabrda habarlaşandygyny, emma maglumat almak synanyşygyndan el çekmeýändigini aýtdy.

Ruslan Mätiýew bu barada şeýle diýýär: “Hiç hili habar ýok, men günde diýen ýaly Nepesgulyýewiň ejesi bilen habarlaşmaga synanyşýaryn, emma gatnaşyk sentýabr aýynda Türkmenistanyň [Daşary işler ministrliginiň] jogapkär resmisi Wepa Hajyýewiň çykyşyndan soň doly kesildi. Men Nepesgulyýewiň ejesiniň mümkinçilik bolsa, biz bilen habarlaşmak isleýändigini bilýärin”.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary adamlaryň eden-etdilikli tussag edilmegine degişli çak edilýän faktlar boýunça derňew geçirýär we şeýle hadysalaryň Adam hukuklary boýunça ählumumy deklarasiýasyna we beýleki halkara kanunlara näderejede laýyk gelýändigini kesgitleýär.

XS
SM
MD
LG