Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylar Eýran bilen diplomatik gatnaşyklary kesdi


Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeýr.
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeýr.

Saud Arabystanynda tanymal şaýy ruhanysyna ölüm jezasynyň berilmegi sebäpli Tähranda bu ýurduň ilçihanasyna we konsullygyna hüjüm edileninden soň Saud Arabystany öz regional bäsdeşi Eýran bilen bolan diplomatik gatnaşyklary kesdi.

Ýurduň daşary işler ministri Adel al-Jubeýr 3-nji ýanwarda gatnaşyklaryň kesilendigini yglan edip, Eýranyň diplomatik işgärlerine ýurdy terk etmekleri üçin 48 sagat möhlet berdi.

Saud Arabystany özüniň Eýrandaky ähli diplomatik işgärlerini hem 3-nji ýanwarda ir ertir bolan hüjümlerden birnäçe sagat soň yzyna çagyrdy.

Er-Riýadda geçirilen metbugat ýygnagynda al-Jubeýr daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalaryna gönükdirilen zorluklardan Eýranyň uzak geçmiş tejribesi bar, bu Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň zabt edilen ýyly bolan 1979-njy ýyldan gaýdýar diýdi.

Bäsdeşlik

Al-Jubeýriň bellemegine görä, bu hadysalar "ähli halkara ylalaşyklaryň elhenç bozulmagydyr" we Eýanyň "duşmançylykly syýasaty sebitiň howpsuzlygyny durnuksyzlandyrmaga gönükdirilen".

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri biz Eýranyň "öz howpsuzlygymyzy gowşatmagyna" ýol bermeris diýdi.

Sünni patyşalyk dinastiýasynyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany bilen şaýy Eýranyň arasynda tutuş Orta Gündogarda güýç-gudrat ugrunda bäsdeşlik barýar.

Bularyň ikisi-de öz täsirlerini saklap galmak üçin Ýemen, şeýle hem Bahreýn, Yrak we Siriýa ýaly ýurtlarda dürli güýçleri ulanýarlar.

Bu dawa-jenjel Saud Arabystanynyň Eýran bilen bolan bäsdeşliginiň patyşa Salmanyň ýolbaşçylygynda gitdigiçe artýandygyny görkezýär.

46 adama ölüm jezasy berildi

Salmanyň hökümdarlyk döwründe Saud Arabystany Ýemende şaýy pitneçilere garşy söweşmek üçin bir ýaranlyk gurup, onuň ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy. Ol şeýle hem 2015-nji ýylyň iýul aýynda dünýäniň güýçli döwletleri ýadro meselesinde Eýran bilen ylalaşyga gelseler-de, regional şaýy güýç hasaplanýan Eýrana garşy berk durdy.

Şaýy ruhanysy Nimriň jezalandyrylyp öldürendigi Saud Arabystany tarapyndan 2-nji ýanwarda yglan edileninden soň iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyna garaşylypdy.

Saud Arabystanyndaky şaýy azlygynyň izolirlenmegine garşy protestlerde Nimr esasy şahsyýet hasaplanýardy. Ol 2012-nji ýylda tutulyp, soňra terrorizmde günälendi. Oňa ölüm jezasynyň berilmegi tutuş regiondaky şaýylar tarapyndan ýazgaryldy.

Nimrden başga ýene 46 adama, şol sanda üç şaýy dissidentine, şeýle hem “al-Kaýdanyň” birnäçe jeňçisine ölüm jezasy berildi.

"Oňaýly ädimler"

Eýranyň döwlet telekanalynda çykyş eden ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Hoseýn Amir-Abdullahiýan Er-Riýad diplomatik gatnaşyklary kesmek bilen "şeýh Nimri jezalandyryp öldürmek baradaky esasy ýalňyşyny" bassyr-ýussyr edip bilmez diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary dartgynlylgy gowşatmak üçin sebitdäki liderleri "oňaýly ädimler" ätmäge çagyrdy.

"Biz aratapawutlaryň üstünde işlemekde diplomatik gatnaşyklaryň we göni gepleşikleriň zerurdygyna ynanýarys. Biz dartgynlylygy gowşatmak üçin regiondaky liderleri oňaýly ädimler ätmäge çagyrmagy dowam etdireris" diýip, prezident Barak Obamanyň adminstrasiýasynyň bir resmisi aýtdy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi 3-nji ýanwarda bir beýanatda Nimr "ne adamlary ýaraga ýapyşmaga çagyrdy, ne-de bir gizlin dildüwşük gurady. Onuň eden ýeke-täk işi açyk tankytdy" diýdi.

XS
SM
MD
LG