Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent: Aeroportda "YD" barlagy" geçirilýär


Daşkendiň aeroportunyň gümrük barlagy
Daşkendiň aeroportunyň gümrük barlagy

Daşkendiň halkara aeroportunda ekstremistik "YD" topary bilen arabaglanyşygy bolanlary saýlap alýan ýörite topar işe başlapdyr. "IGIL-kontrol" diýip atlandyrylan ol topar, daşary ýurtlardan Özbegistana uçarly gelen ýolagçylar bilen ýörite söhbetdeşlikler geçirýär. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri ylaýta-da Türkiýeden uçup gelen ýolagçylar bilen aýratyn bir otagda özbaşdak söhbetdeşlik geçirýärler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň aýan etmegine görä, "YD" atly ekstremistik topar bilen arabaglanyşygy bolan adamlary anyklap, saklamak işi Daşkendiň halkara aeroportunda geçen aý başlanypdyr. Özbegistana uçup gelen ýolagçylary, howpsuzlyk işgärleriniň ýörite topary bilen bilelikde Serhet gullugynyň işgärleri sorag edýärler.

"IGIL-kontrol", ýagny "Yslam döwleti” barlagy"

Daşkendiň halkara aeroportunda iş alyp barýan "IGIL-kontrol" diýip atlandyrylýan ol topar, ylaýta-da Özbegistana Türkiýeden uçup gelen ýolagçylary jikme-jik barlap, derňemek bilen meşgullanýarlar. Türkiýeden gelenler aýratyn bir otaga alnyp gidilýär we olar ymykly barlanyp, ykjam sorag edilýär.

Duşenbe güni Germaniýadan Daşkende Stambulyň üsti bilen uçup gelen 28 ýaşly bir zenan, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna interwýu berip, agzalýan "Yslam döwleti” barlagynyň" Daşkendiň aeroportunda owalkysyndanam güýçlenendigini aýdýar.

28 ýaşly zenan başyndan geçen wakany şeýle gürrüň berýär: ”Ýaňy-ýakynda men Türkiýäniň üsti bilen Daşkende uçup geldim. Sagat irden 7:35 bolanda uçardan düşüp terminala baran özbekler birden pasport barlanýan ýere tarap howlugyp ylgap gitdiler. Men olar öz watanyny gaty küýsändigi üçin şeýle edýändirler öýtdüm. Ýöne soň beýle däldigine düşündim. Pasport barlagyndan geçeniňden soň gaty köp wagtlap nobata durmaly bolýarsyň.

Pasport barlanýan ýere baranymda, Serhet gullugynyň işgäri meniň pasportymy alyp, bir ýerik çykyp gitdi. Aradan 15 minut wagt geçenden soň ol ýany bilen bir adamy alyp geldi we olaryň ikisi şol bada meni soraga çekip başladylar: "Ýewropada näme edýärsiň? Näçe girdeji gazanýarsyň?" diýdiler. Men bolsa olara Türkiýede hiç wagt ýaşamandygymy aýtdym. Tranzit reýs bilen uçmagym meniň ýagdaýymy kynlaşdyrmady, gaýta ýeňilleşdirdi. Gönümel Türkiýeden uçup gelenleriň ýagdaýy gaty kyndy. Biziň uçarymyz bilen bir wagtda Türkiýeden ýene iki uçar gelipdi. Türkiýeden gönümel uçup gelenleriň hemmesiniň pasportlaryny Serhet gullugynyň işgärleri ýygnap aldylar”.

Aýdylşyna görä, Daşkendiň aeroporty dünýäniň iň erbet aeroporty hasaplanýar. Pasport barlagy 30-40 minutlap dowam edýär we ýolagçylar ondan soňam köp wagtlap öz goşlaryna garaşmaly bolýarlar. Netijede ýolagçylar Daşkendiň aeroportundan uçar gonanyndan diňe iki sagat geçenden soň çykyp bilýärler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeş bolan zenanyň aýtmagyna görä, geçirilýän "Yslam döwleti” barlagy" Özbegistana gelýän uçar ýolagçylarynyň ýagdaýyny hasam hupbatly ýagdaýa öwürýär: ”Adamlar hyryn-dykyn. Hiç hili ýer ýok. Gymyldara we geçere ýer ýok. Men Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy üçin ýörite surat almak isledim, ýöne başartmady. Türkiýeden uçup gelenleri ýekän-ýekän soraga çagyrýarlar. Olary aýratyn bir otaga salyp, ymykly sorag edýärler. Şeýle ýagdaýda soraga çagyrylanlaryň derrew yzyna çykanyny görmedim. Sorag edýänleriň, başga işi-aladasy ýok ýaly, geçýän wagt olary hiç hili

gyzyklandyrmaýar. Men soragdan diňe günortan çykaryn öýtdüm. Aeroportdan iki sagat soň çykanyma begenjimden näme etjegimi bilmedim. Sorag edilýän otaga girip çykan bir zenan bilen gepleşip görmek maňa başartdy. Otagyň içinde näme bolup geçýändigini soran mahalym, ýüzi ak esgi ýaly bolan ol aýal zordan "Wah, "IGIL-kontroldan" geçirdilerle" diýdi”.

CIP zal hem hiç kimi "Yslam döwleti” barlagyndan" halas edip bilmeýär

Daşkendiň halkara aeroportunda adaty barlag kadalaryndan halas bolmak isleýän ýolagçylar ýörite 200 amerikan dollary möçberinde pul töläp CIP-zaldan (Commercial Important Person) geçýärler. Ýöne Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň anyklamagyna görä, Özbegistanda CIP-zaldan geçmek hem ýolagçylary "Yslam döwleti barlagyndan" halas edip bilmeýär.

Germaniýada okaýan Akmal atly bir student hem duşenbe güni Stambulyň üsti bilen Daşkende uçup gelipdir. Ol biziň habarçymyza beren maglumatynda, özüni dürli proseduralardan we sorag edişlikden halas etmek üçin 180 amerikan dollary möçberinde pul töläp CIP-zaldan geçendigini aýdýar: ”Men Özbegistana ýörite öz hossarlarym bilen Täze ýyly bellemek üçin geldim. Bir ýyldan köp wagt boldy meniň öýde bolmanyma. Germaniýadan gaýtmankam maňa tanyşlarym "Türkiýäniň üsti bilen uçaýsam, sorag edişlige we hupbatly barlaglara duçar boljakdygymy" bildirdiler. Şonuň üçinem olar soň artykmaç gep-gürrüň bolmaz ýaly, maňa uniwersitetden studentdigim barasynda ýörite hat almagymy maslahat berdiler. Men hossarlarymdan meni CIP-zalda garşy almaklaryny haýyş etdim. Onuň tölegi bolsa 180 amerikan dollary ekeni. Şonda-da menden "Näme üçin Germaniýa gitdiň? Näme üçin Stambulyň üsti bilen geldiň?" diýip, sorag soradylar. Nähili adamlary gözleýändiklerini sizem aňansyňyz aslynda. Olar hut şeýle adamlaryň Türkiýeden uçup gelýändiklerini nygtaýarlar".

Ol , halkyň arasynda "YD" toparynyň ýurda howp salýandygy barasynda ýaýraýan gep-gürrüňler sebäpli, ýurtdaky şeýle howpsuzlyk çäreleriniň hasam adatdan daşary görnüşe eýe bolýandygyny aýdýar.

Myş-myşlar hakykata meňzeýän ýaly

Häzirki wagtda Özbegistanyň Howpsuzlyk gullugy, ylaýta-da paýtagtda we uly şäherlerde ýaýbaňlanýan öjükdirmelere we ýörite myş-myşlara gulak asmazlygy maslahat berýärler.

Geçen hepdäniň başynda Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň terrorçylyga garşy göreş bölüminiň başlygy Uktam Murodow jemgyýeti ynjalyksyzlandyrýan myş-myşlary ýaýradýanlara berk temmi beriljekdigini duýdurdy.

Içeri işler ministrliginiň wekili, ýurtda hiç hili ynjalyksyzlanar ýaly ýagdaýyň ýokdugyny nygtap, tertip-düzgüniň adaty ýagdaýda kontrolda saklanýandygyny bildiripdir.

"Dürli myş-myşlar ýaýrapdyr. Aýdylşyna görä, paýtagtda Daşkendiň merkezi içeri işler bölüminiň golaýynda "YD-nyň” gara baýdagyny dikipdirler. Edil şol ýerde hem partlaýjy ýüklenen bir ulag tapylypdyr. Şeýle myş-myşlary ýaýradýanlar aslynda ýurtda halky dowla düşürmek isleýärler. Şeýle gep-gürrüňler jemgyýetiň asudalygyna zeper ýetirýär we şonuň üçinem olaryň öňi alnar. Şu pursatdan peýdalanyp, raýatlara ýüzlenesim gelýär. Raýatlar hiç wagt şeýle öjükdirmelere gulak asmaly däldir. Hakykata ýakynrak edip aýdylýan gep-gürrüňlere hem üns bermezligi haýyş edýärin" diýip, podpolkownik Uktam Murodow ýerli internet gullugyna beren interwýusynda belleýär.

Şol bir wagtyň özünde-de ol daşary ýurtlardan yzyna dolanyp gelýän raýatlary barlamak işiniň has güýçlendirilendigini tassyklaýar.

Podpolkownik Uktam Murodow "Bu ýerde biz umumy howpa garşy daşary ýurtly kärdeşlerimiz bilen arkalaşykly işleşýäris. Baglanyşylan şertnamalara görä, owal daşary ýurda gidip, soňra ýurda dolanyp gelýänler barada zerur bolan ähli maglumatlary olardan alýarys" diýip maglumat berýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň bir çeşmesiniň bellemegine görä, aslynda ýurtda howpsuzlyk işgärleriniň geçirýän adatdan daşary howpsuzlyk çäreleri Özbegistanyň ilatyny ynjaltman, gaýta hasam dowla düşürýär.

Radiomyzyň owal beren bir habaryna görä, soňky iki aýda Daşkentde pasport režimi ýola goýulypdyr. Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmesi kanun goraýjy organlaryň işgärleriniň yzygiderli ýagdaýda raýatlaryň pasportlaryny barlaýandygyny, olaryň ýaşaýan ýerlerini hasaba alýandygyny, jaýlary kireýine tutýanlar barasynda hasabat ýöredýändigini, raýatlar bilen ýörite gürrüňdeşlikler geçirýändigini, daşary ýurtdan dolanyp gelenleriň we ylaýta-da dini toparlar bilen gatnaşygy bolandygy çak edilýänleriň mähelle komiteti diýilýän arçynlygyň jaýynda sorag üçin saklanýandygyny bildirýär.

Biziň redaksiýamyza gündelik gelip gowuşýan hatlara we ýüzlenmelere görä, Özbegistanyň ilatynda we ylaýta-da paýtagtyň ilatynda ynjalyksyzlygyň has hem ýokarlanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG