Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Partlamanyň sesi eşidildi


5-nji ýanwarda Owganystanyň gündogaryndaky Jalalabad şäherinde daşary ýurt konsulhanalarynyň ýerleşýän sebitinde partlamanyň sesi eşidildi diýip, ýerli resmiler aýdýarlar.

Nangarhar welaýat häkiminiň metbugat wekili Attaullah Hugýani partlamanyň netijesinde adam ýitgileriniň bolup-bolmandygy barada henize çenli takyk maglumatyň ýokdugyny belledi. Bu partlama 3-nji ýanwarda Owganystanyň Mazar-e Şarif şäherindäki hindi konsulhanasyna edilen hüjümiň yzýanyna gabat geldi.

Bu wakadan gysga wagt soň, Nangarhar welaýat polisiýasynyň metbugat wekili bu partlamanyň polisiýa tarapyndan gözegçilik astynda amala aşyrylandygyny aýtdy.

Polisiýanyň metbugat wekili Hazrat Hussain Maşrikwalyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, polisiýa “az möçberdäki partladyjy serişdeleri zir-zibil gutusyna ýerleşdirip, partladypdyr”.

XS
SM
MD
LG