Sepleriň elýeterliligi

Baku: Žurnalistiň ölümi boýunça iş diňlenýär


5-nji ýanwarda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda azeri žurnalisti Rasim Aliýewi öldürmäge gatnaşmakda aýyplanýan bäş adamyň sud diňlenişigi başlandy.

30 ýaşly Aliýew urlup-ýenjilenden soň, 2015-nji ýylyň 9-njy awgustynda Bakuwyň keselhanasynda aradan çykypdy.

Ol aradan çykmazyndan ozal, özüniň tanymal futbolçy Jawid Hüseýnow barada çap eden tankydy maglumatlary üçin onuň tarapdarlary tarapyndan urlup-ýenjilendigini aýtdy.

Azerbaýjanyň “Qabala FK” atly futbol klubynyň agzasy Hüseýnowyň ady şübhelileriň arasynda agzalmaýar.

2015-nji ýylyň awgust aýynda birnäçe žurnalist Aliýewe hüjüm edenleriň “talabalaýyk jezalandyrylmagyny” talap edip, Bakuw şäher prokuraturasynyň öňünde piket geçirdi.

XS
SM
MD
LG