Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylar aladalary ret edýär


Saud Arabystany Eýran bilen gatnaşyklaryň kesilmeginiň Siriýada parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri geçirmek tagallalaryna zeper ýetirjegine bildirilýän aladalanmalary ret etdi.

4-nji ýanwarda Siriýanyň iň täsirli oppozision topary arap ýurtlarynyň ählisini Saud Arabystanyň ýolundan gitmäge we Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesmäge çagyrdy.

Bu aralykda Saud Arabystanynyň üç ýarany – Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri we Sudan Tähran bilen gatnaşyklaryny kesmek ýa-da onuň derejesini kemeltmek boýunça herekete geçdiler.

5-nji ýanwarda Kuweýt özüniň Eýrandaky ilçisini yzyna çagyrandygyny mälim etdi. Şeýle-de, Sudanyň döwlet mediasynyň berýän maglumatyna görä, Hartoum Eýranyň diplomatlarynyň ýurdy terk etmegi üçin iki hepde wagt möhletini berdi.

XS
SM
MD
LG