Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 16 migrantyň jesedi tapyldy


Türkiýäniň resmileri 5-nji ýanwarda ýurduň Aegean deňiz kenaryndaky aýry-aýry iki sebitde azyndan 16 sany migrantyň jesediniň tapylandygyny aýdýarlar. Gürrüňi edilýän migrantlaryň Gresiýanyň Lesbos adasyna geçmäge synanyşan mahaly, gämileriniň agdarylmagy netijesinde heläk bolandygy habar berilýär.

Türkiýäniň “Dogan” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, ýedi adamyň, şol sanda zenanlaryň we çagalaryň jesedi Dikili kenarynda tapylypdyr. Bu wakadan dokuz sagat soň Aýwalyk kurortynyň kenarynda hem dokuz adamyň jesedi tapyldy.

Agzalýan habar agentliginiň maglumatynda iki wakada pida bolan migrantlaryň ählisiniň hem, rezinden ýasalan gämileriniň agdarylmagy netijesinde heläk bolandygy bellenilýär.

Türkiýäniň kenarýaka serhetçileriniň geçiren gözleg işleri netijesinde sekiz migrant halas edildi.

Migrantlaryň haýsy ýurduň raýatydygy barada häzire çenli maglumat berilmeýär.

Geçen ýyl Türkiýäniň araçäklerinden 850 müň çemesi migrant Gresiýa geçdi.

XS
SM
MD
LG