Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Saudlylar ‘jenaýaty’ örtüp bilmez


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Saud Arabystany Tähran bilen gatnaşyklaryny kesip, tanymal şaýy ruhanysyna ölüm jezasynyň berilmegi bilen baglanyşykly “öz jenaýatyny” gizläp bilmez diýdi.

“Saud Arabystany täsin çäräni kabul etdi we öz jenaýatlarynyň üstüni örtmek üçin Eýran Yslam respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi” diýip, 5-nji ýanwarda Rohani özüniň websaýtynda çap eden beýanatynda aýtdy.

Rohani Saud Arabystanyň tanymal şaýy ruhanysy we oppozisiýa wekili Şeýh Nimr-al Nimre ölüm jezasynyň berilmegine salgylanyp, “Gürrüňsiz, şeýle hereketler şol uly jenaýatyň üstüni örtüp bilmez” diýdi.

Eýranyň hökümeti Saud Arabystanyň Tährandaky ilçihanasyna edilen hüjümden özüni çetde tutýar we, hat-da, bu wakany guramalaşdyrmakda daşary ýurt elementlerini aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG