Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MH17: Rus esgerlerine aýyplama bildirilýär


Golland prokurorlary raýat žurnalist topary tarapyndan öňe sürlen maglumatlary derňeýär. “Bellingcat” topary Malaýziýanyň “MH17” belgili uçarynyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogarynda urlup ýykylmagyna azyndan 20 rus esgeriniň gatnaşandygyny öňe sürýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän topar “Boeing777” kysymly uçary urup ýykan raketa atyjysynyň işleri barada maglumata eýe bolup biläýjek 100-e golaý rus esgeriniň şahsyýetini anyklandygyny aýtdy. Gürrüňi edilýän uçar 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda urlup ýykylan mahaly, 298 ýolagçy heläk bolupdy.

“Bellingcat” toparynyň döredijisi Eliot Higgins 3-nji ýanwarda Golland telewideniýesine beren maglumatyna görä, onuň guramasy Kurskdaky howa goranyş birleşigindäki azyndan 20 esgeriň raketany uçuran bolmagy “mümkindigine” ýa-da ony kimiň uçurandygyny bilýändigine ynanýar.

XS
SM
MD
LG